Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan awçylary çagyrýar


Özbegistan daşary ýurtlularyň pul töläp, ýurtda aw awlamaklaryna, şol sanda ýitip ýok bolmak howpy abanýan jandarlaryň hem awlanmagyna rugsat berýär.

Hökümet 20-nji oktýabrda daşary ýurtlularyň Merkezi Aziýa ýurdunda aw awlamaklaryna rugsat berýän karary kabul edeninden soň, syýahat kompaniýalary bu mümkinçiligi wagyz etmäge başladylar.

Awlamaga rugsat berilýän jandarlaryň sanawy we munuň üçin edilmeli tölegiň möçberleri 27-nji oktýabrda jemgyýetçilige aýan edildi.

Awlanmagyna rugsat berilýän jandarlaryň arasynda ýitip gitmek howpy abanýan gar gaplaňlary, buhara sugunlary, seýrek duşýan antiloplar we beýleki jandarlar hem bar.

Daşary ýurtlular her öldüren jandary üçin 1 müň dollardan 20 müň dollar aralygynda töleg etmeli.

Awçylara öz aw tüpeňlerini hem alyp gelmäge rugsat edilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG