Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senator aktiwisti boşatmaga çagyrýar


ABŞ-nyň uly derejeli senatory Azerbaýjan adam hukuklary aktiwisti Leýla Ýunusy azat etmeli we türmä basylan hökümet tankytçysynyň öz aklawçylary we doktorlary bilen görüşmegine rugsat bermeli diýdi

“Leýla Ýunus aklawçylary bilen duşuşmaga we saglygyna seretdirmäge mätäç, Azerbaýjan ony derrew azat etmeli” diýip, ABŞ-nyň senatory Ben Kardin 31-nji oktýabrda öz twitter hasabynda aýtdy.

Ýunus şu hepde ýazan hatynda öz aklawçysy Jawad Jawadowyň özüne sudda wekilçilik etmegine gadaganlyk girizilendigini aýtdy.

Ýunus we onuň adamsy Arif Ýunus geçen tomusda, dönüklikde aýyplanyp tussag edildi.

Emma är-aýal özleriniň syýasy sebäpler esasynda saklanýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG