Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukrainada dawaly saýlaw geçirilýär


Aleksandr Zaharçenko Donetsk halk respublikasy diýilýäniň iň ýokary wezipesine dalaş edýär.

Aleksandr Zaharçenko Donetsk halk respublikasy diýilýäniň iň ýokary wezipesine dalaş edýär.

Ukrainanyň harby sözçüsi Andriý Lisenko Orsýetiň gündogar Ukrainanyň orsýetçi separatistler tarapyndan kontrolluk edilýän böleklerine Orsýetden getirilen «harby enjamlary we harby gululkçylary intensiw ýerleşdirmäge» başlandygyny aýdýar.

Lisenkonyň beýanaty separatistleriň kontrollugyndaky ýerlerde 2-nji noýabrda başlanan dawaly saýlawyň geçirilýän wagtyna gabat geldi.

AFP-niň Donetsk şäheriniň golaýyndaky habarçylary özleriniň 20 çemesi ýük maşynyndan ybarat harby kolonnany görendiklerini, olaryň käbiriniň uçara garşy ýaraglary alyp gelýändiklerini we ugurlarynyň hökümet edindäki uçar meýdanyna tarapdygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda olaryň täze güýçlerdigi ýa-da däldigi aýdyň bolmady.

Günbatar metbugatynyň başga-da birnäçe serişdesi Donetsk şäheriniň golaýynda goşunlaryň agyr hereketine şaýat bolandygyny habar berdi.

Habarçylar Donetsk şäherindäki saýlaw stansiýalarynyň içinde ýaragly adamlaryň durandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy 2-nji noýabrda bu saýlawyň ýurduň Baş kanunyny bozýandygyny, onuň häkimiýeti bikanun garbap almaga çalym edýändigini aýtdy.

Şeýle-de bu gurama saýlawyň guramaçylarynyň garşysyna jenaýat işiniň açylandygyny habar berdi.

Luhansk we Donetsk regionlarynyň bölekleriniň öz-özlerini yglan eden resmileri bu saýlawlarda özleriniň «halk respublikalary» üçin ýolbaşçylaryň we «halk geňeşleri» diýilýänleriň saýlanjakdygyny aýdýarlar.

Ukrain hökümeti, Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýleki günbatar ýurtlary, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bu saýlawlaryň bikanundygyny we ykrar edilmejekdigini aýdýarlar.

Orsýetiň resmileri özleriniň bu saýlawlaryň netijelerini ykrar etjekdiklerini aýtdylar.

Luhansk halk respublikasy diýilýäniň ýolbaşçysynyň wezipesine dört adam, şol sanda häzirki lider Igor Plotnitskiý dalaş edýär, üç sany "sosial hereket» bolsa, halk geňeşleri diýilýänlerdäki orunlar ugrunda bäsleşýär.

Donetsk halk respublikasy diýilýände bolsa üç adam, şol sanda häzirki lider Aleksandr Zaharçenko Donetsk halk respublikasy diýilýäniň iň ýokary wezipesine dalaş edýär, iki hereket bolsa halk geňeşlerindäki orunlar ugrunda bäsleşýär.

Separatist häkimiýetler 1-nji noýabrda 3 million býulleteniň çap edilendigini we internet boýunça ses bermegiň birnäçe gün öň başlanandygyny aýtdylar.

Gündogar Ukrainadaky söweşler ýüzlerçe müň adamyň öýlerinden gaçmagyna sebäp boldy. Olaryň köpüsi häzir Orsýetde ýaşaýar.

"Gözegçiliksiz saýlawlar"

Bu saýlawlar ukrain kanunlary esasynda düzgünleşdirilmedi ýa-da Ukrainanyň Merkezi Saýlaw kommisiýasynyň gözegçiliginde geçirilmeýär.

Şeýle-de bu saýlawlara ÝHHG ýaly guramalaryň halkara synçylary gözegçilik etmeýär. Emma separatist resmileri bu saýlawlara 30 bilen 70 aralygynda daşary ýurt synçysynyň gatnaşýandygyny aýdýarlar. Ol synçylaryň Gürjüstanyň bölünen Abhaziýa respublikasy ýaly birnäçe ýerdendigi aýdylýar.

Ukrain hökümeti we giňiş halkara jemgyýetçiligi bu saýlawlary ykrar etmejegini, sebäbi olaryň sentýabr aýynda Minsk şäherinde Ukrainanyň, Orsýetiň we ÝHHG-nyň, şeýle-de separatist regionlaryň wekilleriniň arasynda gelnen ylalaşygy bozýandygyny aýtdylar.

Emma Moskwa bu prosesiň Minsk şertnamasyna ters gelmeýändigini aýtdy we onuň netijelerini kabul etmegi öňünden wada berdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji oktýabrda Moskwa separatistleriň saýlawlarynyň netijelerini «elbetde, ykrar eder» diýdi.

Emma Moskwa entek separatistleriň Donetsk we Luhansk regionlarynyň böleklerinde jar eden «halk respublikalaryny» resmi taýdan ykrar edenok we gündogar Ukrainadaky konflikte ilteşiklidigini inkär edýär.

Ýöne muňa garamazdan, Kiýew, NATO we birnäçe Günbatar ýurdy, halkara habarçylarynyň şaýatlara salgylanyp taýýarlan habarlary Orsýetiň separatistlere ukrain hökümet güýçlerine garşy söweşmek üçin goşun we ýarag kömegini iberendigine delilleriň ýeterlikdigini aýdýar.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugy 31-nji oktýabr agşamy separatist saýlawlary mahalynda «prowakasiýalaryň» bolmak töwekgelligi barada duýduryş çap etdi.

"Ses beriş prosesiniň özi we bu saýlawlaryň gürrüňli bölegi howply" diýip, Milli howpsuzlyk gullugynyň resmisi Markiýan Lubkiwskiý aýtdy.

Ol «bu ýerde çynlakaý prowakasiýalaryň taýýarlanýandygyny we soň olarda ukrain häkimiýetleriniň günälenip bilinjekdigini» hem sözüne goşdy.

Bu saýlawlar Ukrainanyň separatist söweşijiler bilen baglaşan çalamydar ýaraşygynyň yzygiderli dartgynlyga düşýän wagtynda geçirilýär.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşi 1-nji noýabrda 31-nji oktýabrdan bäri bolan söweşlerde 6 esgeriň öldürilendigini, 10-synyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

BMG-niň soňky maglumatyna görä, ýedi aý çemesi dowam edýän uruşda 4035 adam öldürildi, olaryň 300-den gowragy soňky 11 günde wepat boldy.

XS
SM
MD
LG