Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosmos synagy dowam eder


«Virgin Galactic» kosmos gämisini esaslandyryjy milliarder gäminiň heläkçilige uçramagynyň sebäbini tapmagy wada berdi we kosmosa kommersiýa we syýahat gatnawynyň guralmagyna basyş etdi.

Britaniýaly Riçard Branson eger biz Kaliforniýada "SpaceShipTwo" gämisini 31-nji oktýabrdaky heläkçilige getiren problemadan üstün çyksak, onda biz arzuwyň ýaşamagyny dowam etdirýändigini açyk aýdyp bileris diýdi.

Ilkinji synag uçuşynda iki pilotyň biri wepat boldy. Branson kosmosa guralýan her syýahat gatnawynda 6 syýahatçynyň bolmagyny we olaryň hersiniň 250 müň dollar tölemegini isleýär.

Şeýle-de ol, kosmos arkaly, Nýu-Ýorkdan Londana çenli uzak aralygy tiz wagtda, mysal üçin bir sagatda geçýän kommersiýa reýslerini ýola goýmak isleýär.

XS
SM
MD
LG