Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada zorlukly protestler boldy


Fransiýanyň iki şäherinde, polisiýanyň ýowuzlygy diýilýän sebäpli bolan zorlukly protestlerde birnäçe adam ýaraly boldy.

Polisiýa Nantes şäherinde daş we kislotoly çüýşe zyňýan demonstrasiýaçylara garşy rezin oklary we göz ýaşardyjy gaz ulandy. Bu ýerde azyndan 5 protestçi we 3 polisiýa ofiseri ýaralandy.

Nantesde 21 adam, Toulous şäherinde bolsa 13 protestçi tussag edildi. Bu protestler tebigaty goraýjy aktiwist Remi Fraisseniň ölümi sebäpli guraldy.

Ol 26-njy oktýabrda, protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşygy mahalynda ölüpdi.

XS
SM
MD
LG