Sepleriň elýeterliligi

YD ýene gyrgynçylyk etdi


Yragyň howpsuzlyk resmileri we tire ýaşululary YD jeňçileriniň Anbar welaýatynda azyndan 85 adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

Al-Bou Nimr tiresiniň ýaşulusy Şeýh Naim al-Gaud 1-nji noýabrda YD jeňçileriniň bir gün öň Ras al-Maa obasynda bosgunçylykda ýaşaýan 50 tiredeşini öldürendiklerini aýtdy.

Al-Gaud YD jeňçileriniň olary öz toparlarynyň Hit şäheriniň töweregindäki ilerlemesine garşy durmakda aýyplandyklaryny aýtdy.

Anbar geňeşiniň agzasy Faleh al-Issawi Ras al-Maa obasynda adam öldürilendigini tassyk etdi.

Adyny aýtmazlygy soran howpsuzlyk resmisi bolsa, Anbar welaýatynda bir köpçülik mazaryndan ýene 33 jesediň tapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG