Sepleriň elýeterliligi

Eýran: 'jezalar neşe bilen bagly'


Eýranyň ýokary derejeli adam hukuklary resmisi BMG-niň ölüm jezasy baradaky tankydyna jogap berip, öz ýurdunda ölüm jezasy berilýänleriň 93 prosentiniň bikanun neşe gaçakçylygy bilen baglydygyny aýtdy.

Eýranyň Adam hukuklary geňeşiniň sekretary Muhammad Jawad Larijaniniň BMG-niň ýygjam berilýän ölüm jezalary barada eden tankydyna jogaby 1-nji noýabrda, Eýran sudunyň websaýtynda çap edildi.

BMG-niň 23-nji oktýabrdaky hasabatynda Eýranda 2013-nji ýylyň iýulyndan 2014-nji ýylyň iýunyna çenli aralykda azyndan 852 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigi aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG