Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Media tütjary ölüme höküm edildi


Bangladeşiň iň uly yslamçy partiýasynyň esasy adamy we media tütjary Bangladeşde 1971-nji ýylda Pakistandan garaşsyzlyk ugrunda bolan uruş mahalynda eden jenaýatlary üçin ölüme höküm edildi.

Telewizion stansiýanyň we Jamaat-e-Yslam partiýasy bilen bilelikde çykarylýan gazetiň eýesi Mir Kasem Ali 2-nji noýabrda Dhakada geçen sud diňlenişiginde 10 aýyplamada, şol sanda adam öldürmekde we alyp gaçmakda günäli tapyldy.

Bangladeşiň hökümeti Aliniň telewizion stansiýasyny 2013-nji ýylda, dini dartgynlyga meçew berýänligi üçin ýapmaly etdi.

Aliniň aklawçysy bu aýyplamalaryň esassyz we galpdygyny öňe sürýär hem-de özleriniň bu hökümden Ýokary suda şikaýat etjekdiklerini aýdýar.

Aliniň garşysyna çykarylan höküm Jamaat-e-Yslam partiýasynyň lideri Motiur Rahman Nizamä ölüm höküminiň çykarylan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi, ol 1971-nji ýyldaky uruş mahalynda pakistançy milisiýa ýolbaşçylyk etmekde aýyplandy.

XS
SM
MD
LG