Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýaly eýranla ýyl berildi


Eýran asylly britaniýaly aýal Tähranda erkekleriň woleýbol ýaryşyna tomaşa etmek synanyşygy üçin bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

25 ýaşyndaky Gonçe Gawami 20-nji iýunda, Azady stadionynyň daşynda, Eýranyň milli woleýbol komandasy Italiýanyň komandasy bilen bäsleşjek wagty tutuldy.

Gawaminiň aklawçysy Alizade Tabatabaýe 2-nji noýabrda Tähranda öz müşderisiniň, çykarylan höküme görä, bir ýyl tussagda oturmalydygyny aýtdy.

Aklawça sentýabr aýynda aýdylmagyna görä, onuň müşderisi režime garşy wagyz ýöretmekde günälenipdir.

Gawami oktýabr aýynda öz tussaglygyna protest bildirip, iki hepde açlyk yglan etdi.

XS
SM
MD
LG