Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: saýlawda ýaragly adamlar görüldi


Gündogar Ukrainanyň ýaşaýjylary separatistleriň kontrollugyndaky ýerlerde geçirilýän dawaly saýlawlarda ses berýärler.

Habarçylar Donetsk şäherindäki saýlaw stansiýalarynyň içinde ýaragly adamlaryň durandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy 2-nji noýabrda bu saýlawyň ýurduň Baş kanunyny bozýandygyny, onuň häkimiýeti bikanun garbap almaga çalym edýändigini aýtdy.

Şeýle-de bu gurama saýlawyň guramaçylarynyň garşysyna jenaýat işiniň açylandygyny habar berdi.

Luhansk we Donetsk regionlarynyň bölekleriniň öz-özlerini yglan eden resmileri bu saýlawlarda öz «halk respublikalary» üçin ýolbaşçylaryň we «halk geňeşleri» diýilýänleriň saýlanjakdygyny aýdýarlar.

Ukrain hökümeti, Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýleki günbatar ýurtlary, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bu saýlawlaryň bikanundygyny we ykrar edilmejekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG