Sepleriň elýeterliligi

"Pul bermeseň, doganlygymyz gutardy"


Türkmen ýollaryndaky ýük maşynlary

Türkmen ýollaryndaky ýük maşynlary

Türkiýeden öz ýük ulaglary bilen Türkmenistana gatnaýan iki sürüji Azatlyk radiosyna öz başdan geçirýän kynçylyklaryny, hususan-da türkmen gümrükçileriniň para almak üçin görkezýän görgilerini gürrüň berdiler.

Olaryň biri bir gezek, nädip beýle bolanyny bilmän, Türkmenistana para bermän hem gidip-gelendigini ýatlaýar.

Ýöne olar para bermejek bolanlaryň, töhmet zerarly, agyr ýagdaýa düşmeginiň hem daş däldigini duýdurýarlar.

Aýdylmagyna görä, türkmen gümrükçileriniň käbiri, para bermeýänlere gönüläp, «düş maşyndan, seniň bilen doganlygymyz gutardy, mundan soň başyňa geljeklere men goşulmaýan» diýýär we «höçjet» sürüji «neşe bilen» tutulýar.

«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň Türkmenistana girmek we çykmak meselesindäki emeli kynçylyklara bagyşlanan söhbetdeşligini diňläp, öz pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşarsyňyz diýen tamamyz bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG