Sepleriň elýeterliligi

"Döwletler dyza çökýär"


Şem, äýnek, syýa gutusy we sandyk.

Şem, äýnek, syýa gutusy we sandyk.

Uruş barýar jahanda

Urşuň başlan gününi,

Bilenok il, jemende.

Ol haçan boljak tamam,

Bilýän ýok,

Ýok çak, çende.

Döwletler dyza çökýär,

Rüstem gelen ýow öňi.

Uruş barýar jahanda,

Gelenok onuň soňy.

Arş-kürs lerzan bolýar,

Galýar serden minara.

Uruş hökümdarlary,

Yz-yza çekýär dara.

Uruş ýeňýär goşuny,

Ýeňip bilmän milleti,

Uruş barýar jahanda.

Urşuň hyýaly, niýeti,

Ýok etmek hakykaty.

Hakykatdan asgyn ol,

Egsik ondan güýç, zory.

Uruş barýar jahanda,

Älem döräli bäri.

Gurbaga

Gurbaga ýöräp bilmeýär,

Towsup, bökýär diriň-diriň.

Zalywat, hoşal bu haldan,

Diýýär “Tans oýnaýşym görüň!”

XS
SM
MD
LG