Sepleriň elýeterliligi

ÝB Ukrainadaky saýlawlary ret etdi


Ýewropa Bileleşigi separatistleriň kontrollugyndaky gündogar Ukrainada geçirilen saýlawlaryň “parahatçylyga bökdençlik” döredýändigini aýdyp, Brýussel ony ykrar etmez diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini Donetskiň we Luhanskyň separatist regionlarynda geçirilen saýlawlary “bikanun we hukuksyz” diýip atlandyrdy.

Emma Russiýanyň Daşary işler ministrligi özüniň Ukrainanyň “günorta-gündogaryndaky halkyň islegine hormat goýýandygyny” mälim etdi.
Mundan öň Ukrainanyň prezidenti Petro Pororşenko hem “tanklaryň we ýaraglaryň astyndaky bolgusyzlyk” diýip, saýlawlary ýazgardy.

2-nji noýabrda Ukrainanyň harbylary Russiýanyň gündogar Ukrainanyň käbir böleklerinde “harby serişdelerini we harby işgärlerini gyzgalaňly ýagdaýda ýerleşdirip” başlandygyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG