Sepleriň elýeterliligi

Pakistan, hindi liderleri araçäkdäki hüjümi ýazgardy


Hindistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleri iki ýurduň araçägindäki esasy serhet geçelgesiniň golaýynda bolan bombaly hüjümi ýazgardylar.

2-nji noýabrda Wagah serhet geçelgesindäki barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň bombany partlatmagy netijesinde amala aşyrylan hüjümde 55 adamyň ölendigi we başga-da onlarçasynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Lahor welaýat polisiýasynyň başlygy Muştak Suheranyň berýän maglumatyna görä, hüjüm ýüzlerçe adam gürrüňi gidýän welaýatyň eteginde geçirilen harby paraddan yzyna dolanýan mahaly bolupdyr.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif waka bilen baglanşykly gam-gussasyny mälim etdi. Onuň hindi kärdeşi Narendra Modi hem hüjümi “hopukduryjy” we “nejis” diýip ýazgardy.

Azatlyk Radiosynyň Maşal gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketiniň şahasy bolan käbir toparlar, şol sanda “Tehrik-e-Talyban” we “Jamat ul Ilhar” toparlary öz üstüne alypdyr.

XS
SM
MD
LG