Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmisi atylyp öldürildi


Owganystanda Gandahar welaýat häkiminiň orunbasary ýokary okuw jaýynyň synpynda oturan mahaly atylyp öldürildi.

Owgan resmileriniň berýän maglumatyna görä, 2-nji noýabrda 32 ýaşyndaky Abdul Kadim Patýall Gandahar uniwersitetindäki synpda oturan mahaly penjiräniň daşyndan ýaragly adamyň oňa tarap ot açmagy netijesinde heläk bolupdyr.

Owganystanyň prezident edarasynyň berýän maglumatyna görä, prezident Aşraf Gani wakany terrorçylykly hüjüm diýip atlandyrypdyr. Maglumatda bu hüjümi hökümet delegasiýasynyň derňejekdigi bellenilýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady. Soňky aýlaryň dowamynda “Talyban” söweşijileri hökümete garşy hereketlerini ýaýbaňlandyrypdylar.

XS
SM
MD
LG