Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Saýlawlarda ýeňijiler yglan edildi


Gündogar Ukrainanyň separatistleriň kontrollugyndaky böleklerinde öz-özüni ykrar eden resmiler 2-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda tanymal orsparaz separatistiň ýeňiş gazanandygyny habar berýärler. Bu saýlawlar Günbatar tarapyndan ýazgarylyp, ukrain prezidenti Petro Poroşenko tarapyndan “bolgusyz” diýlip ýok saýyldy.

Separatist saýlaw resmileri 2-nji noýabrda saýlaw býulletenleriniň ählisiniň sanalmagy netijesinde Aleksandr Zaharçenkonyň öz-özüni ykrar eden “Donetsk halk respublikasyna” ýolbaşçy saýlanandygyny we öz-özüni ykrar eden “Luhansk halk respublikasynda” bolsa Igor Plotnitskiýniň sesleriň 64 göterimini alandygyny habar berýärler.

Tankytçylaryň sözlerine görä, Kiýewe we Günbatara garamazdan geçirilen saýlawlarda Zaharçenko we Plotnitskiý hakyky garşydaşlar bilen ýüzbe-ýüz bolmandyrlar.

XS
SM
MD
LG