Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ýardam kerwenini ugratdy


Russiýa Ukrainanyň separatistleriň kontrollugyndaky regionlaryna ýene bir ýardam kerwenini ugradandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň krizis ýagdaýlaryny dolandyrmak boýunça milli merkeziniň metbugat sözçüsi Oleg Woronowyň 4-nji noýabrda beren maglumatyna görä, 10 sany ýük ulagyndaky 50 tonnadan ybarat ýangyç we medisina serişdeleri Donetsk şäherine baryp ýetipdir.

Woronow agzalan möçberdäki ýangyjyň we medisina serişdeleriniň Luhansk şäherine hem barandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu öz-özüni ykrar eden Donetsk we Luhansk “halk respublikasynyň” ýaşaýjylaryna ugradylan ynsanperwer ýardamdan ybarat altynjy kerwendir.

Mundan ozalky bäş kerwende takmynan 8 müň tonnadan ybarat ynsanperwer kömegi ugradylypdy.

Bu kerwen Ukrainanyň separatistleriň kontrollugyndaky territoriýalarynda geçirilen saýlawlary Kiýew we Günbatar ýurtlary “boş bir zat” diýip atlandyrandan iki gün soň ugradyldy.

Moskwa bolsa orsparaz separatistleriň kontrollugyndaky territoriýalarda geçirilen saýlawlar “halkyň islegini” şöhlelendirýär diýdi.

XS
SM
MD
LG