Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki özbek liderleri gaýybana höküm edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky sud özbek jemgyýetiniň liderlerini ýurtda 2010-njy ýylda bolan pajygaly etniki çaknyşyklara gatnaşmakda günäli tapyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna gaýybana höküm etdi.

4-nji noýabrda Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň edarasy asly ýurduň günortasyndaky Oş we Jalal-Abad şäherlerinden bolan etniki Özbek jemgyýetiniň gaçgaklykdaky liderleri Kadyrjan Batyrowyň we Inom Abdurasulowyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilendigini mälim etdi. Liderleriň ýene biri Karamat Abdullaýewa 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Gürrüňi edilýän liderleriň üçüsi hem Oş regionynyň sudy tarapyndan gaýybana sud edildi. Olar 2010-njy ýylyň iýun aýynda günorta Gyrgyzystandaky etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda çaknyşyklary guramalaşdyrmakda we etnikara ýigrenji öjükdirmekde günäli tapyldylar.

Şol wakalarda 450 çemesi adam öldürilipdi we başga-da müňlerçesi ýaralanypdy ýa-da öýlerini terk edip, başga ýere göçmäge mejbur bolupdy. Şol wakalarda pida bolanlaryň aglabasy etniki özbeklerden ybaratdyr.

XS
SM
MD
LG