Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Ekstremizme garşy kanun kabul edildi


Gazagystan ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen kanunçylygyny berkleşdirdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew özüniň 3-nji noýabrda gol goýan kanun taslamasyna laýyklykda, bir topary terrorçy ýa-da ekstremist diýip kesgitleýän proseduralar ýönekeýleşdiriler diýdi.

Gürrüňi gidýän kanun, ekstremist ýa-da terrorçy diýlip ykrar edilen toparlaryň derhal ýapylmagy we onuň emläginiň konfiskasiýa edilmegi üçin ýurduň ýolbaşçylaryna ygtyýar berýär. Şol bir wagtyň özünde ekstremist we terrorçy mazmunly diýlip kabul edilen websahypalar ýurduň içinde petiklener.

Şeýle-de, daşary ýurtlara sapar edýän gazak raýatlaryna olaryň terrorçy ýa-da ekstremist guramalara goşulan ýagdaýynda jogapkärçilik çekjekdikleri barada duýduryş berler.

Gazagystanyň ýolbaşçylary ýüzlerçe gazak raýatynyň Siriýada hökümet güýçlerine garşy göreşýän söweşijileriň hatarynda uruşýandygyny habar beripdiler.

Gazak hökümetiniň tankytçylary bolsa, döwlet ekstremizme garşy kabul edilýän kanunlary oppozisiýa we garaşsyz metbugat serişdelerine garşy basyş etmek üçin ulanýar diýýärler.

XS
SM
MD
LG