Sepleriň elýeterliligi

logo-print

MA-nyň ykdysady ösüşi haýallar


Halkara walýuta fondy (HWF) Russiýanyň ykdysadyýetiniň durgunlylaşmagy sebäpli Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde 1 prosent çemesi haýallamanyň boljakdygyny çaklaýar.

HWF-nyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň direktorynyň orunbasary Juha Kahkonen 4-nji noýabrda Almatyda eden çykyşynda çaklanylýan haýallamanyň “Russiýada geosyýasy töwekgelçilikleriň artmagy we ykdysadyýetiň durgunlylaşmagy bilen baglanşyklydygyny” belledi.

HWF-niň çaklamalaryna görä, nebiti eksport edýän ýurtlaryň, ýagny Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Umumy içerki önüminiň (GDP) ösüşi haýallap, şu ýyl 5,6% bolar. 2013-nji ýylda bu ösüş 6,8%-e barabardy.

Maglumatda nebiti import edýän ýurtlaryň, ýagny Ermenistanyň, Gürjüstanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Umumy içerki önüminiň (GDP) ösüşi pese gaçyp, 4,6% boljakdygy çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG