Sepleriň elýeterliligi

Eýran: erkekleriň woleýbolyna sereden zenan tussag edildi


Eýranyň baýdaklaryny galgadýan aýal tomaşaçylar

Eýranyň baýdaklaryny galgadýan aýal tomaşaçylar

Asly eýranly we Britaniýada ýaşaýan zenan Gonçe Gawami bir ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada onuň hukuklaryna wekilçilik edýän adam habar berdi.

Gonçe Gawami 25 ýaşynda. Ol bu ýylyň iýun aýynda Eýran bilen Italiýanyň arasynda geçirilen erkekleriň woleýbol ýaryşyna tomaşa etmek üçin Eýranyň "Azadi" stadionyna barypdyr. Netijede Gonçe erkekleriň woleýbol ýaryşlaryna zenanlaryň tomaşa etmäge goýberilmezligine garşy çykandygy üçin şu ýylyň iýunynda tussag edilipdir.

Gonçe Gawaminiň garşysyna sud işi geçen aý başlanypdyr. Onuň wekili, ýagny aklawçysy Alizada Tabatabiýe metbugata beren beýannamasynda özüniň hukugyny gorap çykyş edýän bu aýala 1 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilmegine hiç hili resmi sebäp görkezilmändigini bildiripdir. Aklawçy Gonçe Gawaminiň "hökümete garşy gidenligi” üçin aýyplanmandygyny aýdypdyr.

Gonçe Gawami 128 günden bäri tussaghanada. Ol bu möhletiň 41 gününi "karserde", ýagny türmäniň bir adamlyk kamerasynda geçiripdir. Ol tussaghanada bolan mahaly iki hepdelik açlyk yglan edipdir.

Eýranda 1979-njy ýylda bolan yslam rewolýusiýasyndan soň aýal-gyzlaryň futbol stadionlaryna gitmegi gadagan edilipdir.

2012-nji ýylda Eýranyň Sport we ýaşlar ministrligi bu gadaganlyklara woleýbol ýaryşlaryny hem degişli edipdir. Eýran resmileriniň bildirmegine görä, stadionlarda zenanlar bilen erkekleriň bir ýerde bolmagy dini kadalara gabat gelmeýär we bu gadaganlyk bilen zenanlaryň sport ýaryşlary bilen gyzyklanmagynyň arasynda görnetin arabaglanşyk bar.

Bu gadaganlyk 2014-nji ýylyň iýunynda güýje giripdir. 13-nji iýunda woleýbol boýunça bütindünýä liga ýaryşlary boýunça Eýran bilen Braziliýa Tähranda duşuşanda, oýna tomaşa etmek isleýän eýranly zenanlary ”Azadi” stadionyna goýbermändirler, ýöne braziliýaly zenanlar bu oýna tomaşa etmäge goýberilipdir.

20-nji iýunda Eýran bilen Italiýanyň toparlary duşuşan mahaly Gonçe Gawami bilen bilelikde onlarça zenan gadaganlyga garşy protest geçiripdirler. Olar zenanlaryň woleýbol ýaryşlaryna tomaşa etmäge goýberilmezligine garşy çykypdyrlar.

Hadysa şaýat bolan žurnalistleriň aýtmagyna görä, polisiýa proteste çykan aýal-gyzlary urup, dargadypdyr we birnäçe zenan tussag edilipdir.

2-nji noýabrda Britaniýanyň hökümeti Gonçe Gawaminiň agzalan wakalar bilen bagly 1 ýyl azatlykdan mahrum edilmegine närazylygyny bildiripdir.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň 2-nji noýabrda ýaýradan beýannamasynda nygtalyşyna görä, Gonçe Gawaminiň garşysyna "alnyp barylýan jenaýat işiniň esaslary babatda närazylyklar bar", we garşysyna jenaýat-anyklaýyş işleri geçirilýärkä, ol öz saglygyny bejertmäge haklydyr.

XS
SM
MD
LG