Sepleriň elýeterliligi

Mansur Mingelow, türkmen häkimiýetleriniň beren wadasyna garamazdan, öz işine halkara adalat standartlaryna laýyklykda garalmagyna henizem garaşýar diýip, adam hukuklaryny goraýjy Amnesty International, ýagny Halkara Amnistiýa guramasy habar berýär we halkara jemgyýetçiligini Mingelowyň işi boýunça maglumatlary dürli dillere terjime edip, Türkmenistanyň prezidentine, baş prokuroryna we içeri işler ministrine ýollamaga çagyrýar.

Mingelow 19-njy maý bilen 8-nji iýun aralygynda protest hökmünde açlyk yglan edipdi. Onuň açlyk çekmegini, diňe öz ýanyna resmi wekil baryp, işine tiz wagtda garaljagyny wada berensoň bes edendigini Amnesty International guramasy habar berdi.

Mansur Mingelowyň özi, onuň maşgalasy we hossarlary onuň işine prezidentiň 27-nji oktýabr baýramy, ýagny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23-nji ýyllygy mynasybetli günä geçişlik yglan edilmeziniň öňüsyrasynda garalyp, Mansuryň şu günä geçişlikde boşadylmagyna umyt baglapdylar. Emma bu başa barmady.

Mingelow, häkimiýetleriň talap edişi ýaly, prezidente minnetdarlyk bildirip, açyk hata gol goýmakdan boýun gaçyrypdyr diýip, Amnesty International guramasy habar berýär.

Günäsi näme?

Mansur Mingelow 2012-nji ýylyň 6-njy iýunynda ilkinji gezek tussag edildi we 2012-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda adalatly bolmadyk sud diňlenişiginiň netijesinde oňa 22 ýyl iş kesildi we ol Lebap welaýatynyň Seýdi türmesine salyndy. Mingelowa pornografik materiallary ýaýratmak, gaçakçylyk we neşe serişdelerini öndürmek we ýaýratmak aýyplamasy boýunça günä ýöňkelip, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 156-njy, 164-nji, 254-nji we 292-nji maddalary boýunça iş kesildi.

Amnesty International guramasynyň ynamly çeşmä salgylanyp habar bermegine görä, Mansur Mingelow özüne döwlet tarapyndan bellenen aklawçysyny diňe iki gezek görüpdir, ýagny birinji gezek ilki duşuşanlarynda we soňra-da – sud diňlenişiginde.

Derňewleriň dowamynda oňa öz garyndaşlaryna jaň etmäge ýa aklawçysyny çalyşmaga rugsat berilmändir. Tussaglykdan soň Mingelow neşekeşleriň regional reabilitasion merkezine güýç bilen eltilip, ol ýerde 15 gün saklanypdy we 22-nji iýunda boşadylypdy. Munuň yz ýany Mansur Mingelow öz doganynyň gynamalara we erbet çemeleşige sezewar edilmeginden arz edip, Baş prokuratura we Türkmenistanyň prezidentine ýüz tutupdy. Netijede iki polisiýa ofiseri wezipesinden boşadylypdy.

Mansur Mingelow, gaýtadan tussag edilýänçä, 2012-nji ýylyň 25-nji iýuny bilen 2-nji awgustynyň aralygynda beýleki adamlaryň, esasan, Mary welaýatynda ýaşaýan buluçlaryň tussaglykda gynamalara we erbet gatnaşyga sezewar edilmegine degişli subutnamalary toplap, buluçlaryň etnik toparyna degişli 11 sany waka boýunça maglumat jemledi we ony ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna we Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberdi.

Mansur Mingelowyň aýtmagyna görä, bu dokumentler kanun goraýjylaryň gatnaşmagynda tussaglara edilen sütem barada anyk maglumatlary öz içine alýar. Şeýle-de Mingelow Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygyny goramak boýunça döwlet gullugynda gynamalar üçin niýetlenen esbaplardan ybarat gapyrjagy görendigini aýdýar diýip, Amnesty International guramasy habar berýär.

Köpçülige çagyryş

Amnesty International guramasy bu guramanyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmeginden ejir çekýänler we olaryň maşgala agzalary barada maglumat toplaýandygyny belleýär we Mansur Mingelowyň diňe özüniň däl-de, eýse onuň maşgala agzalarynyň hem jezalandyrylmak töwekgeçliginiň astyna düşmeginden aladalanýandygyny bildirýär.

Amnesty International halkara jemgyýetçiligini Mansur Mingelow baradaky maglumatlary dürli dillere terjime edip, Türkmenistanyň prezidentine, baş prokuroryna we içeri işler ministrine ýollamaga hem Mingelowyň işine halkara standartlaryna laýyklykda adalatly şertlerde gaýtadan garalmagyny talap etmäge çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG