Sepleriň elýeterliligi

Rus milletçileri ýöriş geçirdiler


Rus milletçileriniň "Rus marşy" atly ýörişi, 4-nji noýabr, 2014.

Rus milletçileriniň "Rus marşy" atly ýörişi, 4-nji noýabr, 2014.

Rus milletçileri 4-nji noýabrda Moskwada we beýleki şäherlerde “Rus marşy” atly adaty ýyllyk ýörişi geçirdiler. Prezident Wladimir Putin tarapyndan esaslandyrylan “Milli bütewülik güni” atly baýramçylyk Kreml tarapyndan hem resmi derejede bellendi.

2 000 çemesi, esasan erkek mileltçileri, patyşalyk döwrüniň baýdaklaryny göterip, Moskwanyň günorta-gündogar böleginde polisiýa tarapyndan gabawa alnan köçede ýöriş guradylar.

Käbirleriniň ýüzi nikaply, käbirleri harby eşikli milletçiler “Orsýet - orslar üçindir”, “Orslar öňe çykyň!” diýen mazmunly şygarlary öňe sürdüler.

Milletçileriň esasy ýörişleriniň Moskwada geçirilmegi planlaşdyrylýar, emma kiçeňräk aksiýalaryň Orsýetiň beýleki şäherlerinde, şol sanda Orsýetiň mart aýynda Ukrainadan basyp alan Krym ýarymadasynda hem geçirilýändigi aýdylýar.

Häkimiýet we milletçiler

“Rus marşy” atly ýöriş 2005-nji ýyldan bäri milli bütewülik güni ýylda geçirilýär. Bu baýramda 1612-nji ýylda Orsýetiň polýak basybalyjylaryny ýurtdan kowup çykaran senesi ýatlanylýar. Bu sene baýramçylyk hökmünde Putiniň prezidentliginiň ikinji möhletiniň dowamynda ykrar edildi.

Bu baýramçylyk sowet döwründe 1917-nji ýyldaky bolşewistik rewolýusiýasynyň ýyl dönüminiň bellenen gününiň deregine kabul edildi.

2012-nji ýylda üçünji prezidentlik möhletine saýlanaly bäri Putin watançylygyň Orsýetiň geljegi üçin iňňän wajypdygyny tekrarlap geldi.

Putin we onuň hökümeti soňky bir ýylyň dowamynda has hem watançylykly we milletçilikli ugra eýerdiler. Bu ýagdaý Orsýetiň Ukrainadaky, halkara jemgyýetçiliginiň garşylygyna uçran hereketleri zerarly, Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşan döwrüne gabat geldi. Muňa garamazdan, Orsýetiň häkimiýetleriniň “Rus marşyna” bolan goldawy gowşady.

Putin 24-nji oktýabrda eden çykyşynda “Eger milletçilik beýleki adamlara çydamsyzlygy göz öňünde tutýan bolsa... bu ýurdy weýran eder” diýdi.

Geçen ýylda bolşy ýaly, milletçileriň esasy ýörişleri Moskwanyň gyrasyna çykaryldy. Paýtagtyň merkezinde bolsa Kremliň bütewüligi mahabatlandyrýan esasy ýaranlarynyň gatnaşmagynda ýöriş geçirildi.

Kremliň ätýaçlylygy

Analitikler Kremliň berk liniýaly rus milletçilerinden ätiýaçly bolýandygyny aýdýarlar we olaryň köpüsiniň Putiniň ýolbaşçylygyndan göwnüniň geçendigini aýdýarlar. Milletçiler köp milletli, uly musulman ilatly we Merkezi Aziýadan hem Kawkazdan baran köp sanly migrantly jemgyýetde radikal howpy döredýän güýç hasaplanýar.

Milletçi toparlar, maddy taýdan goldaw berse-de, gündogar Ukrainadaky konfliktde söweşmek üçin meýletinçileri iberse-de, Moskwanyň Ukrainadaky orsýetçi separatistleri goldamagyny bir güýçlendirip, bir gowşadyp durmagyndan nägilelik bildirýärler. Olar Kremli Ukrainada we Orsýetde has radikal hereketlere çagyrýarlar.

Baýramçylyk çäreleri

Häkimiýetler milletçilere Moskwanyň günorta-gündogarynda 10 müň adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirmäge rugsat berip, paýtagtyň merkezinde bolsa döwlet işgärlerinden başlap, pensiýadaky kosmonawtlar we medeni wekiller ýaly ady belli raýatlardan 100 000 adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirmegi karar etdiler.

Döwlet telewideniýesi Milli bütewülik gününe gabatlap, çagalaryň baýramçylygy belleýşini görkezýän ýa-da Orsýetiň medeni baýlygyny ýatladýan oňyn mazmunly maglumatlary görkezdi.

Kremliň metbugat gullugy 1612-nji ýylda polýaklary Orsýetden kowup çykarmagyň taryhy gahrymanlary Kuzma Mininiň we Dmitriý Požarskiniň Gyzyl meýdanda duran ýadygärligine Putiniň gül goýjagyny habar berdi. Şeýle-de Putiniň, 862-1598-nji ýyllarda Rýurikler dinastiýasyny ýatlap geçirilýän sergä gatnaşyp, Orsýetiň Günbataryň tankytlaryna sezewar edilýän döwründe Kreml tarapyndan parahatçylyga, dostluga we özara düşünişmeklige goşant goşan diýlip kesgitlenen daşary ýurtlulara sylag berjegi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG