Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Panjikidze wezipesinden çekildi


Gürjüstanyň daşary işler ministri Maýa Panjikidze (Maia Panjikidze) ýurduň goranmak ministri Irakli Alasaniýa (Irakli Alasania) wezipesinden çetleşdirilenden bir gün soň işden çekildi. Bu ýagdaý ýurduň saýlawlarynda Mihail Saakaşwiliniň (Mikheil Saakashvili) partiýasy ýeňilenden iki ýyl soň, ýurduň dolandyrylyşynda agzalalygyň bardygyndan habar berýär.

Panjikidze özüniň wezipeden çekilýändigini 5-nji noýabrda mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde ol häkimiýetdäki “Gürjü arzuwy” koalisýasyny, şeýle-de “Demokratik Gürjüstan” partiýasyny terk edýändigini hem belledi. Bu partiýa öňki premýer-ministr Bidzina Iwanişwili (Bidzina Ivanishvili) tarapyndan döredilipdi we häzirki wagt oňa premýer-ministr Irakli Garibaşwili (Irakli Garibashvili) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.

Alasaniýa “Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik seçip-saýlamasyna hüjüm etmekde” harby resmiler hakynda derňewleri geçirmäge çagyryş edeninden birnäçe sagat soň, 4-nji noýabrda premýer-ministr Garibaşwili tarapyndan wezipesinden çetleşdirilipdi.

Alasaniýa wezipesinden çetleşdirilenden soň, 4-nji noýabrda Ýewropa we Ýewro-Atlantik integrasiýasy boýunça döwlet ministri Alekseý Petriaşwili hem işden çekilýändigi baradaky arzasyny tabşyrdy.

Panjikidzeniň dört orunbasary – Dawit Zalkaliani, Tamar Beruçaşwili, Dawit Jalagania we Wladimer Gurgenidze dagylar hem wezipesinden çekildiler.

XS
SM
MD
LG