Sepleriň elýeterliligi

Pentagon Pakistany, Eýrany tankyt etdi


Pentagonyň Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary barada çap eden soňky maglumatynda Pakistan we Eýran ýiti tankyt edilýär. Maglumatda bu ýurtlaryň regional howpsuzlygy durnuksyzlaşdyrýandygy bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda Pakistan söweşijileri Owganystanda we Hindistanda hakyna tutma güýç hökmünde ulanmaga dowam edýär diýilýär. Onda şeýle söweşiji toparlaryň “Pakistan-Owganystan gatnaşyklarynda esasy gyjyndyryjylar hökmünde hereket etmäge dowam edýändigi” nygtalýar.

Şeýle-de, Pentagon Halkara güýçleriniň Owganystandan çykmagyny çaltlaşdyrmak maksady bilen Eýranyň “Yslam rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň ýörite “Kuds güýçleri” “Talybany ölüm howply ýardam bilen üpjün edýär” diýýär.

Şol bir wagtyň özünde, Tähran Owganystanyň hökümeti bilen dostlukly gatnaşyklary goldamaga we “Talyban” hereketiniň häkimiýete dolanmagynyň öňüni almaga üns berýär, diýlip Pentagonyň maglumatynda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG