Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň polisiýasy palestinalylary dargatdy


Ysraýylyň polisiýasy gadymy Ierusalim şäheriniň dawaly mukaddes böleginiň golaýyndan ofiserlere tarap daşlary we feýerwerkleri zyňan onlarça palestinalyny dargatdy.

Ysraýylyň polisiýasynyň metbugat sözçüsi Mikki Rosenfeldiň (Micky Rosenfeld) sözlerine görä, bu çaknyşyklarda birnäçe polisiýa ofiserine zeper ýetipdir.

Polisiýa palestinalylary dargatmak üçin sesli granatlary ulandy.

Palestinalylar ysraýylly aktiwist Ýehuda Glikiň tarapdarlarynyň gürrüňi gidýän territoriýa amala aşyrmagy planlaşdyrýan saparyna gahar-gazap bildiripdiler. Glik geçen hepde atylyp, ýaralanypdy.

Soňky aýlaryň dowamynda Ierusalimiň gündogarynda palestinaly protestçileriň we Ysraýylyň polisiýasynyň arasynda her gün diýen ýaly çaknyşyklar bolýar.

XS
SM
MD
LG