Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hristian jübüt öldürildi


Pakistanyň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, musulmanlaryň üýşmeleňi “Gurhan” kitabyna dil ýetireni üçin hristian jübüdini ýenjip öldüripdir we soňra-da olaryň jesetlerini otlapdyr.

Bu waka 4-nji noýabrda Lahor şäheriniň 60 kilometr günorta-günbataryndaky Kot Radha Kişan şäherçesinde bolupdyr. Bu waka Pakistanda hudaýa dil ýetirmekde aýyplanyp, azlykdaky jemgyýetlere garşy köpçülikleýin amala aşyrylan ýowuzluklaryň iň soňkusydyr.

Gürrüňi gidýän wakada pida bolanlaryň kerpiç öndürýän zawodda işleýändigi habar berlip, Şama we Şehzad atly jübüdiň diňe ilkinji atlary köpçülige mälim edildi.

Punjabyň baş ministri Şahbaz Şarif wakanyň derňewlerini çaltlaşdyrmak maksady bilen üç agzadan ybarat komiteti düzdi we hristianlaryň ýaşaýan territoriýalarynda howpsuzlygy güýçlendirmegi üçin welaýat polisiýasyna tabşyryk berdi.

XS
SM
MD
LG