Sepleriň elýeterliligi

Makloud: Parahatçylyk üçin Aşgabada zerurlyk ýok


Owganystan boýunça Stambul prosesiniň daşary işler ministrleriniň 4-nji konferensiýasy, Pekin, 31-nji oktýabr, 2014

Owganystan boýunça Stambul prosesiniň daşary işler ministrleriniň 4-nji konferensiýasy, Pekin, 31-nji oktýabr, 2014

Pekinde geçirilen Owganystan boýunça Stambul prosesiniň 4-nji konferensiýasynda Türkmenistan Owganystanyň ähli konstruktiw we jogapkärli güýçleriniň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň geçirilmegi üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. Emma resmi Aşgabadyň eýýäm ençeme ýyl bäri öňe sürýän bu teklibi durmuşda orun tapman gelýär.

Muňa näme sebäp bolup biler?

Azatlyk Radiosy bu sowaly Londonda ýerleşýän ”Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň” Merkezi Aziýa boýunça analitigi John Maklouda berdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Owganystanyň parahatçylyk prosesi boýunça hödürläp gelýän teklibiniň halkara derejesinde kabul edilmezligi, siziň pikiriňizçe, nämäni aňladýar?

John Makloud: Türkmenistanyň gepleşikleri öz giňişliginde geçirmek meselesini orta atmagynyň özi-de sorag döredýär. Sebäbi muňa zerurlyk hem ýok. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Owganystanda parahatçylyk prosesine degişli gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Owganystanyň hökümeti ”Talyban” we beýleki toparlar bilen gepleşikler geçirmek üçin parahatçylyk boýunça ýurduň ýokary geňeşini döretdi. “Talyban” pars aýlagynda öz edarasyny açdy. Bu ädimler gepleşikler üçin bitarap bir giňişligi döretmek maksady bilen ädildi. Şeýlelikde bu mesele boýunça gepleşikleri geçirmek üçin ýer bilen bagly hiç hili kynçylyk ýok.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň teklibiniň kabul edilmezligi onuň syýasy taýdan üzňeligi bilen bagly. Ol Owganystanyň ýakyn goňşusy bolsa-da, ýyllar boýy bitaraplyk syýasatyny öňe sürüp, owgan problemasyna göni gatnaşmady. Men Türkmenistan owgan meselesine Eýrandyr Pakistan ýaly ýurtlaryň derejesinde-de gatnaşyp biler öýdemok. Şeýlelikde Türkmenistanyň bu meselede öňe saýlanyp biljegi örän ikuçly.

Azatlyk Radiosy: Onda Türkmenistan Owganystanyň parahatçylyk prosesi barada näme üçin çykyş edýär diýip pikir edýärsiňiz?

John Makloud: Ol özüni regionyň bitarap döwleti hökmünde mahabatlandyrýar. Başga bir tarapdan, Türkmenistanyň serhetleriniň golaýynda söweşijileriň, “Talybanyň” aktiwleşmegi bilen baglylykda türkmen hökümetiniň durnuklylygy saklamak meselesine aladaly garaýan bolmagy-da mümkin. Bu ýerde Owganystanyň howpsuzlyk meselesiniň ýakynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda geňeşilendigini hem bellemek gerek.

Azatlyk Radiosy: Owganystanyň parahatçylyk prosesi ugrundaky gepleşikleriň esasy gatnaşyjylary kim we Türkmenistanyň olar bilen gepleşik geçirmäge ukybyna siz nähili baha berýärsiňiz?

John Makloud: Owgan hökümeti we ýurduň täze prezidenti - bir tarapdan, beýleki tarapdan - “Talyban” we esasan onuň bilen bagly käbir kiçi toparlar esasy güýçleri emele getirýärler. Men Türkmenistan “Talyban” bilen gepleşikler üçin takyk teklipleri edip biler öýdüp garaşamok. Türkmenistanyň “Talyban” bilen göni kontakta girişmäge-de mümkinçiligi ýok, sebäbi “Talybanyň” esasy syýasy güýji Owganystanyň gündogar sebitlerinde ýerleşýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG