Sepleriň elýeterliligi

NATO: Stoltenberg Kabula bardy


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg birleşigiň goşuny we Owganystanyň täze hökümeti bilen duşuşmak barada öňünden mälim edilen saparyny amala aşyrmak üçin 6-njy noýabrda Kabula bardy.

1-nji oktýabrda wezipesine girişen Stoltenberg owgan paýtagtyna barandan gysga wagt soň, Owganystanyň ýörite güýçleriniň türgenleşik merkezine sapar etdi.

Baş sekretar 2014-nji ýylyň ahyrynda NATO-nyň uruş güýçleri Owganystany terk edensoň hem, birleşik Owganystanyň ýörite güýçlerini goldamagyny dowam etdirer diýdi.

Owganystandaky daşary ýurt goşunynyň sany 2010-njy ýylda 130 müňe çenli ýetipdi, emma häzirki wagt olaryň sany 34 müňi aşýar. 2014-nji ýyldan soň owgan güýçlerini türgenleşdirmek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň 12 müň çemesi goşuny Owganystanda galar.

Häzirki wagt Owganystanyň Howpsuzlyk güýçleriniň, Owganystanyň Milli armiýasynyň we Owgan Milli polisiýasynyň jemi 350 müň çemesi goşuny bar.

XS
SM
MD
LG