Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal rus aktýory öli tapyldy


Russiýanyň hukuk goraýjy edaralaryna salgylanyp rus metbugatynyň berýän maglumatyna görä, Alekseý Dewotçenkonyň jesedi 5-nji noýabrda Moskwanyň demirgazygyndaky kireýine tutan jaýynda tapyldy.

Polisiýadaky çeşmeler rus metbugatyna beren başlangyç maglumatynda Dewotçenkonyň öldürilmeginiň “jenaýat häsiýete eýe bolmagyndan” şübhelenýändiklerini aýdypdyrlar. Bu söz köplenç waka bilen syýasatyň ilteşiginiň ýokdugyny görkezmek üçin ulanylýar.

Polisiýanyň soňky beren maglumatlarynda bolsa, 49 ýaşyndaky aktýoryň ýürek näsazlyklary sebäpli ölen bolmagynyň ahmaldygy we onuň alkogolly içgileri içendigi barada alamatlaryň bardygy bellenildi.

Köptaraply teatr we kino aktýory Dewotçenko hökümete garşy protestlerde çykyş edip, Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerini tankyt edipdi.

Şeýle-de, ol 2010-njy ýylda Wladimir Putiniň we premýer-ministriň wezipesinden çekilmegine çagyryş edýän oppozision petisiýa, ýagny köpçülik arzasyna gol goýupdy.

XS
SM
MD
LG