Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Nawalnyý maliýeleşdirilmedi


Kreml özüniň prezident Wladimir Putiniň iň esasy tankytçylarynyň biri Alekseý Nawalnyý tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän fondy maliýeleşdirendigi baradaky çykan maglumatlary ret etdi.

“Life News” atly habar websahypasy gürrüňi gidýän mesele barada çap eden raportyny websahypasyndan aýyran ýaly bolup görünýär. Bu waka Russiýanyň “TASS” we “Interfax” habar gulluklarynyň adyny köpçülige mälim etmedik Kreml resmilerine salgylanyp çap eden maglumatynda Nawalnyý tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän fonduň Kreml tarapyndan maliýeleşdirilendigi baradaky maglumatlaryň “düýbünden bolgusyzlykdygy” bellenilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

“Life News” websahypasyndaky raport 6-njy noýabrda “Kreml gizlin ýagdaýda Nawalnyýny maliýeleşdirýär” diýen sözbaşy bilen çap bolup, onda Alekseý Nawalnyýnyň fondy Kremlden pul serişdesini kabul edýärdi diýilýär.

Nawalnyýnyň fondunyň metbugat sözçüsi Kira Ýarmyş hem raporty “bolgusyzlyk” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG