Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan daşary syýasatyny üýtgetmez


Gürjüstanyň parlament spikeri Dawit Usupaşwili (Davit Usupashvili) Günbatar tarapdary üç şahsyň hökümetden çekilmegi Tbilisiniň NATO we Ýewropa Bileleşigine integrasiýasyny haýalladyp biler, emma daşary syýasat ugruny üýtgetmez diýdi.

6-njy noýabrda habarçylara beren maglumatynda Usupaşwili hökümetdäki çagşamanyň “ýurduň daşary syýasat ugrunyň ösüşini haýalladandygyny” belledi. Ýöne ol “Gürjüstanyň öz daşary syýasatyny üýtgedýändigi barada çykan gürrüňleriň ählisiniň esassyzdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

4-nji noýabrda Gürjüstanyň goranmak ministri Irakli Alasaniýa wezipesinden çetleşdirilenden soň, daşary işler ministri Maýa Panjikidze hem-de Ýewropa we Ýewro-Atlantik integrasiýasy boýunça ministr Alekseý Petriaşwili hem işden çekilipdi.

XS
SM
MD
LG