Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medikler 'ýykgynçylyga' garşy


Hassahanalaryň ýapylmak ähtimallygy Moskwada birnäçe protestiň, şol sanda 2-nji noýabrdaky protestiň guralmagyna getirdi.
Hassahanalaryň ýapylmak ähtimallygy Moskwada birnäçe protestiň, şol sanda 2-nji noýabrdaky protestiň guralmagyna getirdi.

Orsýetdäki saglyk işgärleri, öz aýtmaklaryna görä, ýurduň saglygy saklaýyş sistemasyny weýran etjek täze reforma garşy protest bildirmek üçin kampaniýa başladylar. Moskwada eýýäm ştat kemeltmeler, saglyk işgärlerini işden kowmak, hassahanalary ýapmak doly güýjüne girdi.

Neýrolog Semýon Galperin 20 ýyldan gowrak wagt bäri Moskwanyň 11-nji hassahanasynda näsaglary bejerýärdi.

Orsýetiň täze saglygy saklaýyş reformasy astynda, resmileriň aýtmaklaryna görä, netijelilik we saglyk hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanmaly. Bu edara geçen ýyl Moskwanyň has uly hassahanasyna birikdirildi.

Indi Galperin öz işinden boşadylýar, üýtgedip gurmagyň ýaýbaňlanmagy bilen, bu adaty bir ýagdaýa öwrülýär.

"Meniň jübimde öz klinikamyzyň adminstrasiýasyndan alan hatym bar, onda meniň häzirki wezipämiň ýatyrylýandygy aýdylýar we maňa şepagat dogany bolup işlemek teklip edilýär" diýip, ol AÝE/AR-a aýtdy.

Dogry, saglyk işgärleriniň, resmileriň we näsaglaryň hemmesi Orsýetiň iki aýagy bilen agsaýan medisina sistemasynyň düýpli reforma mätäçdigi bilen ylalaşýarlar, emma professionallar reformanyň esasan saglyk edaralaryny ýapmaklyga we işgärleri işden kowmaklyga gönükdirilmeginden şikaýat edýärler.

"Döwlet eýeçiligindäki hassahanalary hususylaşdyrmak we jemgyýetçilik nägileliginiň möwjäp galmagyndan sowulmak üçin olar şeýle shemany oýlap tapdylar" diýip, Galperin aýdýar.

Başda kiçiräk hassahanalar ulurak hassahanalaryň şahamçalaryna öwrüldi, soň ol kiçiräk edaralar «batdy» we ýapylyp, hususylaşdyryldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Wladimir Putin 2012-nji ýylyň maýynda üçünji möhlet prezidentligine dolanyp gelende, saglygy saklaýyş reformasyny ilkinji orna çykardy.

Bu silkeýişler ýurtda iki ýyl bäri dowam edýän hem bolsa, saglyk işgärleriniň aýtmaklaryna görä, ştat kemeltmeler, işden çykarmalar we hassahanalaryň ýapylmagy Moskwada we beýleki şäherlerde soňky wagtlar has ýygjamlaşýar.

"Moskwanyň saglygy saklaýyş sistemasyny gaýtadan gurmak plany onuň tutuşlygyna weýran edilmegine alyp barýar" diýip, Galperin aýdýar.

2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap saglyk edaralary federal býujet tarapyndan maliýeleşdirilmeýär.

Muňa derek, çykdajylar Hökmany medisina ätiýaçlandyryş fondy tarapyndan tölenmeli, edaralar we işgärler bolsa öz aýlyklarynyň bir bölegini şu fonda geçirmeli.

Tankytçylar resmileriň bu reforma barada saglyk pudagynyň işgärleri bilen maslahatlaşmandyklaryny, netijede onuň hususy medisinadan bejergi almaga gurby çatmaýanlara gowy saglyk hyzmatyny hödürlemäge derek esasan hassahanalary kommersiýa edarasyna öwürmeklige gönükdirilendigini aýdýarlar.

"Çykdajylary azaltmak synanyşygy"

"Bolýan zatlaryň saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga hiç bir dahyly ýok" diýip, Orsýetiň Sosial syýasat boýunça garaşsyz institutynyň regional programmasynyň direktory Natalýa Zubarewiç aýdýar. "Bu çykdajylary azaltmak synanyşygy, maliýe syýasaty bilen baglanyşykly. Näme diýilse diýilsin, ýagdaýlaryň gowulaşjakdygy barada nähili delil getirilse getirilsin, bular diňe söz bolup galar. Bu görnüp duran zat."

Syzyp çykan dokumentler Moskwa şäher häkimliginiň onlarça hassahanany ýapmagy, müňlerçe saglyk işgärini işden çykarmagy planlaşdyrýandygy barada aýdylýanlary aýan edenden soň, reforma dogrusyndaky aladalar has-da ýokarlandy.

Ol dokumentlere görä, gelýän iki ýylyň içinde häkimiýetler şäheriň 28 medisina merkezini ýapmaly we saglyk işgärleriniň 30 prosentini işden boşatmaly.

Moskwa häkiminiň orunbasary Leonid Peçatnikow bu dokumentler bilen bagly aladalary ýumşatmaga çalyşdy we bularyň diňe teklipleriň bir bölegi bolandygyny, emma olar barada gutarnykly karara gelinmändigini aýtdy.

Hassahanalaryň ýapylmak ähtimallygy adamlarda bir topar nägilelik döretdi we Moskwada birnäçe protestiň, şol sanda 2-nji noýabrdaky protestiň guralmagyna getirdi. Bu proteste tas 7 müň adam toplandy.

Medisina işgärleri şu hili ýygnanyşyklary Orsýetiň beýleki birnäçe şäherinde hem geçirdiler.

Moskwanyň 11-nji hassahanasynyň endrokrinology we protestleriň esasy guramaçylarynyň biri Olga Demiçewa Putine ýazan açyk hatynda bu reformany «parodiýa» hökmünde ýazgardy.

"Jenap prezident, men hazynanyň boşdugyna düşünýän, men Olimpiýa oýunlarynyň nähili gymmat düşendigine, elbetde, Krymyň hem nähili gymmat bolandygyna düşünýän. Emma bu ýeňişleriň bahasy adam ömürleri bilen tölenmeli däl ahyryn."

Demiçewa we onuň kärdeşleriniň köpüsi şäher häkimiýetleri saglyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak bilen beýle bir gyzyklanman, esasan Moskwanyň merkezindäki hassahanalaryň eýeleýän gymmat baha ýerlerini gaýtadan ele geçirmekden ugur alýarlar diýip güman edýärler.

"Moskwadaky ýerler has gymmat"

"Käbir adamlar üçin ol ýerler biziň näsaglarymyzyň ömründen has gymmatly" diýip, ol aýdýar.

Orsýetiň paýtagtyndaky reforma planlarynyň jemleýji görnüşi şu ýylyň aýagynda yglan edilmeli we doktorlar we näsaglar ullakan ştat kemeltmeleriň bolmagyndan ätiýaç edýärler.

11-nji hassahanadaky ýagdaý bolsa hasam gamgyn, sebäbi bu hassahanada bejerip bolmaýan näsaglar we howply hroniki kesellerden ejir çekýän hassalar bejerilýär.

"Biziň başga gidere ýerimiz ýok" diýip, skleroz keseliniň birnäçe görnüşinden ejir çekýän Ýekaterina aýdýar. "Biziň alada bolasymyz gelenok, özümize üns çekmäge-de çalyşmaýarys. Biziň hakykatdanam gidere hiç ýerimiz ýok."

Lýubow Çižowa, Mariana Toroçeşnikowa, Anton Oleýnikow we Kleýr Big

XS
SM
MD
LG