Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Her eýranlynyň okaýan kitaby


Eýran, Şiraz, Hafyzyň guburyna zyýarat
Eýran, Şiraz, Hafyzyň guburyna zyýarat

Her bir eýranlynyň öýünde 14-nji asryň şahyry Hafyzyň kitaby bar. Aradan çykandan 600 ýyl soň hem ol eýranlylaryň milli buýsanjy bolmagyny dowam edýär.

BBC-niň ýazmagyna görä, Eýranda hatda munyň bilen baglanşykly şeýle bir adalga hem bar: her bir eýranlynyň öýünde iki kitap bar - Kuran we Hafyzyň diwany. Olaryň biri okalýar, beýlekisi okalmaýar.

Haýsy kitabyň ürç edip okalýandygy babatda jedelleşikli ýagdaý orta atylanda, biygtyýar Hafyzyň Şirazdaky guburyna zyýarat edýän millionlarça adama goşulanyňy bilmän galýarsyň.

BBC-niň habarçysy hem onuň guburyn zyýarat edipdir.

Ol ýerdäki ummasyz märekäniň başdan geçirýän ruhy atmosferasyna şaýatlyk edipdir. Gül-gunçaly, bag-bakjaly, suw kanallary bilen abadanlaşdyrylan gubura zyýarata gelýänleriň bary Hafyzyň rubagylaryny bilýär.

Habarçy ol ýerdäki ýagdaýy "Eýranyň ýeke-täk ajaýyp nyşanasy, ynha şudur" diýip, suratlandyrypdyr.

Pars diliniň şirin-şerbeti, tagamy, lezzeti Hafyzyň şygyrlaryndadyr.

Eýranda kelte etekli köýnek

Bu ajaýyplyk eýranlylary birleşdirýär. Emma onuň guburyna şeýle köp märekäniň gelmeginiň başga sebäbi hem bar.

Eýrany dolandyrýan ruhanylar özlerine garşy oppozisiýa tarapda söz aýdanlary arkaýyn ýaşatmaýarlar, olaryň öz pikirlerini azat hem erkin beýan etmegine we şeýle-de bir ýerde jemlenişmegine rugsat bermeýärler.

Eýranyň prezidenti Rohanynyň mylaýym ýylgyryşly suraty daşary ýurtlarda Eýrandaky dartgynly ýagdaýyň hem mylaýymlaşýandygyny ýaňzydýar.

Emma ýurduň içinde çynlakaý üýtgeşiklik ýüze çykmaýar.

Bu sebäpden Şiraz erkin düşünjeli adamlar üçin bir duşuşyk ýerine öwrülendir. Şonuň üçinem bu şäheriň düýpgöter tapawutly atmosferasy bar.

Hatda ol ýerdäki zenanlar hem başga şäherlere garalanda has erkin geýinýärler. Elbetde, daşaryk, ýagny il içine başdan-aýak bürenip çykýarlar.

Emma BBC-niň habarçynyň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýa "atynjaly" diýmek dogry bolar. Sebäbi saçyň esasy bölegi görüner ýaly, ýalyk maňlaýdan yza süýşürilen, ýagny egne atylan atynja ýaly.

Darajyk gara balak geýip, onuň üstünden kelte etekli ýubka, ýagny köýnek geýmäge batyrgaýlyk görkezip bilýärler.

Şerigat kadalarynyň tersine, bu ýerde egin-baş zenan bedeniniň şekilini gizlemeýär. Erkek adamlar we zenanlar erkin ýagdaýda diýip gülýärler.

Ikiýüzli wagyzçylar

Eýranda duşman hasaplanýan günbatar ýurtlarynyň biri bolan Britaniýanyň BBC telekanalynyň parsça bölümi ol ýerde iň ýörgünli habar çeşmesi bolup durýar.

Bu ýerde adamlar içerki dünýäsinde başgaça, daşarda başgaça bolmak islemeýärler. Eýsem Hafyz hem müminlikden söz açyp, gizlinlikde bolsa müň dürli hokga çykarýanlar barada ýazypdy (şygyrdan terjime):

"Wagyzçylar münberden päkliklerini görkezmäge synanyşýar. Görýäňmi, özgelerden toba isleýäniň özi toba gelmeýär".

XS
SM
MD
LG