Sepleriň elýeterliligi

Obama Kongres bilen öndümli işlejegini aýdýar


Prezident Barak Obama

Prezident Barak Obama

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň häzirki Kongresi bilen Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşmek üçin täze güýçler babatda işleşjekdigini aýdýar.

Prezident Obama 5-nji noýabrda, Demokratiki partiýa orta möhlet saýlawlarda gös-görnetin ýeňleninden bir gün soň, Tähran bilen Eýranyň dawaly ýadro programmasy babatda hem ylalaşyga gelmek barada seresaply optimizm bildirdi.

Ýanwarda Kongresiň täze saýlanan, respublikanlaryň agdyklygyndaky agzalary sessiýa geçirende, Ak tam üçin şu iki meselede söz geçirmek has kyn bolup biler.

Obama 7-nji noýabrda Waşingtonda boljak duşuşyk mahalynda kongres liderlerini «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy alnyp barylýan söweş barada täze maglumatlar bilen habarly etjegini aýtdy.

Obama Eýran barada söz açyp, Birleşen Ştatlaryň we dünýäniň beýleki esasy döwletleriniň bu ýurduň ýadro işleri barada Tähran bilen hemişelik ýadro ylalaşygyna gelip biljegi ýa bilmejegi aýdyň däl diýdi.

Emma ol gelýän üç hepdeden dört hepdä çenli wagt içinde Eýran bilen ylalaşyk gazanmak ähtimallygy aýdyňlaşmaly diýdi.

Prezident Obama Eýran bilen geçirilen ýadro gepleşiklerinde progres boldy diýdi, şeýle-de ol hemişelik ýadro ylalaşygy Eýrana, regiona we tutuş dünýä peýda getirer diýdi.

Emma ol eýran ýolbaşçylarynyň ýadro ylalaşygyny kabul etjegi ýa etmejegi «açyk sorag» diýdi.

Dünýä döwletleri we Eýran Tähranyň dawaly ýadro programmasy üstündäki dawalarynda hemişelik ylalaşyga gelmegiň soňky möhletini 24-nji noýabra bellediler.

Eger-de bu ylalaşyk Eýranyň ýaşyrynlykda ýadro ýaragyny döretmejegini ýa-da ony edinmejegini kepillendirse we özüni kanagatlandyrsa, Obama özüniň ony ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryna hödürlejekdigini aýtdy.

Ol bu ylalaşyk özüniň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni aljagyna dünýäni we jemgyýetçiligi hem ynandyrmaly diýdi.

Tähran öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylyk, graždan maksatlaryndan ugur alýandygyny aýdýar we halkara jemgyýetçiliginiň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmagyny isleýär.

Respublikanlar 4-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda Obamanyň Demokratiki partiýasyndan üstün çykyp, Senatda we Wekiller öýünde köplüge eýe bolýarlar.
Obama täze saýlanan Kongres ýanwaryň başynda sessiýa başlanda, respublikanlar bilen has öndümli usullarda işleşmegi wada berdi.

Ol respublikanlaryň orta möhlet saýlawlardaky ýeňşi saýlawçylaryň Waşingtonda saýlan liderlerinden işiň bitirilmegini isleýändiginiň bir alamaty diýdi.

XS
SM
MD
LG