Sepleriň elýeterliligi

Report: Obama Hameneýä gizlin hat ýazdy


Prezident Obamanyň Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýä gizlin hat ýazandygy aýdylýar.

Prezident Obamanyň Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýä gizlin hat ýazandygy aýdylýar.

"The Wall Street Journal" gazetiniň makalasynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň oktýabrda Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýä Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy söweş hakynda gizlin hat ýazandygy aýdylýar.

Gazetiň 6-njy noýabrdaky makalasynda aýdylmagyna görä, Obama öz hatynda islendik hyzmatdaşlygyň Eýranyň ýadro programmasy babatda 24-nji noýabrda gelinmeli ylalaşyga bagly bolandygyna basyş edýär. Bu Obamanyň Hameneýä pesinden dördünji gezek hat ýazyşydyr.

Ak tamyň metbugat sekretary Josh Earnest bu makala barada pikirini aýtmakdan ýüz öwürdi we Birleşen Ştatlaryň Eýran babatdaky syýasaty «üýtgewsiz galýar» diýdi.

Şeýle-de Earnest Birleşen Ştatlar Eýran bilen YD jeňçilerine garşy söweşde harby hyzmatdaşlyk etmez ýa-da aňtaw maglumatlaryny bölüşmez diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, ol Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikleriň mazmunynyň çäginde gepleşikler boldy diýdi.

Ol şeýle diýdi: "Biz şol gepleşikleriň gapdalyndan, azyndan birnäçe gezek, YD jeňçilerine garşy alnyp barylýan kampaniýa barada pikir alyşdyk, indi Yrakdaky we Siriýadaky YD jeňçilerine garşy döredilen giň koalisiýa 60-dan gowrak ýurdy öz içine alýar.»

"Eýranlylara ynanmaýaryn"

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň spikeri Jon Boehner, ohaýaly respublikan "The Wall Street Journal" gazetiniň makalasy baradaky soraga jogap berip, özüniň ABŞ Eýrany YD jeňçilerine garşy söweşiň içine getirmeli diýip pikir etmeýändigini aýtdy.

Boehner özüniň eýranlylara ynanmaýandygyny we Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda hemişelik ýadro ylalaşygyna gelmek barada alnyp barylýan gepleşikleriň «çynlakaý gepleşikdigine» şübhelenýändigini aýtdy.

Obama 7-nji noýabrda, Siriýadaky we Yrakdaky YD jeňçilerine garşy amerikan harby çäresi babatda Kongresden täze mandat almak barada maslahatlaşmak üçin, Respublikan we Demokratiki partiýalardan bolan kongres liderleri we kanun çykaryjylar bilen duşuşýar.

Bu gepleşikler 4-nji noýabrda bolan orta möhlet saýlawlaryň we respublikaçylaryň ABŞ-nyň Senatynda demokratlardan köplügi almaklarynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Obama indiki Kongres ýanwarda sessiýa başlamazyndan öň, häzirki Kongres bilen öz adminstrasiýasynyň uruş ygtyýarlyklary babatda işleşjekdigini aýtdy.

Obamanyň adminstrasiýasy häzirki kampaniýada 2001-nji we 2002-nji ýyllaryň kongres ygtyýarnamalaryna daýandy.

Tähran ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýa tarapyndan Yrakdaky we Siriýadaky YD jeňçilerine garşy howa zarbalarynyň urulmagyny tankytlan hem bolsa, Eýranam, ABŞ hem sünnileriň ýolbaşçylygyndaky YD jeňçilerine garşy durýar.

Eýran Yraga YD jeňçilerine garşy söweş üçin goşun iberendigini inkär edýär.

Emma Tähran Eýranyň harby geňeşçileriniň Yraga iberilendigini we Eýranyň YD jeňçilerine garşy logistika goldawyny berýändigini boýun aldy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG