Sepleriň elýeterliligi

"Berlin diwarynyň" ýykylmagy bellenilýär


Germaniýa "Berlin diwarynyň" ýykylmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli 7-nji noýabrda üç gün dowam etjek dabaralara başlady.

Komunist Gündogar Germaniýada ulalan german kansleri Angelo Merkel repressiw ýurtdan gaçmaga synanyşan mahaly öldürilenleriň hatyrasyna geçirilýän ýatlama çärelerine ýolbaşçylyk edýär.

60 ýaşyndaky Merkel ýakynda beren maglumatynda “azatlygy duýmak üçin 35 ýyl garaşmaly bolandygy” sebäpli "Berlin diwarynyň" ýykylan gününi “hiç haçan unutmajakdygyny” aýdypdy.

"Berlin diwary" 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda ýykylypdy. Germaniýadaky dabaralar "Berlin diwarynyň" ýykylan gününe gabatlap, 9-njy noýabrda geçiriljek äpet festiwal bilen tamamlanar.

XS
SM
MD
LG