Sepleriň elýeterliligi

“Mosfilm” aşgabatlylary gyzyklandyrmady


"Mosfilm" kinostudiýasynyň emblemasy

"Mosfilm" kinostudiýasynyň emblemasy

Düýn paýtagt Aşgabatda Russiýanyň “Mosfilm” kinostudiýasynyň 90 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Mosfilm-90” atly günleri tamamlandy. Kino baýramçylygyny Russiýanyň halk artisti Wladimir Ilýin we Russiýanyň at gazanan hudožnigi Aleksandr Popow açdylar.

Üç gün dowam eden bu kino baýramçylygynda türkmen tomaşaçylary bu kinostudiýada döredilen we sowet kino sungatynyň klassikasy hasaplanýan kinofilmlere tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Paýtagtlylaryň “Andreý Rublýow”, “Çölüň ak güneşi”, “Hoş geldiňiz, ýa-da Kesekilere girmek gadagan”, “Gyzlar”, “Gusar balladasy”, “Söýgiň görnüşi”, “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” ýaly filmleri gaýtadan görmäge mümkinçiligi boldy.

Emma bu mümkinçilikden peýdalanan paýtagtlylar o diýen köp bolmady. Paýtagtyň “Türkmenistan” we “Aşgabat” kinoteatrlarynda görkezilen bu filmlere islegiň pes bolandygyny şol kinotetarlaryň işgärleri aýdýarlar. Kähalatda kinozalyň ýarpysynyň hem dolmandygyny “Aşgabat” kinoteatrynyň işgäri gürrüň berýär.

Tomaşaçylar

Onuň aýtmagyna görä, diňe bu kino görkezilişigi açan “Palata #6” filminde kinozal doly bolupdyr. Ýogsa, bu kino görkezilişige gelenlere giriş tölegsizdi. Köpçülikleýin habar serişdelerinde hem bu kino görkeziliş baradaky bildirişler çap edildi. Habar serişdelerinde bu kino görkeziliş barada reportažlar hem çap edildi.

“Aşgabat” kinotetarynyň işgäriniň aýtmagyna görä, bu kino görkezilişe, esasan, ýurduň kino industriýasynyň wekilleri we beýleki medeniýet işgärleri gelipdirler. Ol bu adamlaryň hem köpüsiniň öz erki bilen gelmändigini çak edýär.

Ýöne, muňa garamazdan, bu filmlere tomaşa etmäge öz islegi bilen gelen ors dilli paýtagtlylar hem bolupdyr. Olaryň arasynda uly ýaşlylaryň köp bolandygyny “Aşagabat” kinoteatrynyň işgäri gürrüň berýär. Ýeri gelende bellesek, kino görkezilişde görkezilen filmleriň ählisi ors dilindedi.

“Mosfilm” kinostudiýasynyň dörän güni 1924-nji ýylyň 30-njy ýanwary diýlip hasaplanýar. Çünki şol gün «На крыльях ввысь» (”Ganatlarda ýokaryk”) atly doly metražly filimiň ilkinji görkezilişi bolupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG