Sepleriň elýeterliligi

“Eho Moskwy”: Baş redaktor işgärini goraýar


Orsýetiň “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň baş redaktory Alekseý Wenediktow.

Orsýetiň “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň baş redaktory Alekseý Wenediktow.

Orsýetiň “Eho Moskwy”, ýagny ”Moskwanyň ýaňy” radiostansiýasynyň baş redaktory Alekseý Wenediktow Kremliň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň oglunyň ölendigini habar beren meşhur alypbaryjyny işden boşatmaly diýlen görkezmäniň esassyzdygyny aýdýar.

Alekseý Wenediktowyň bu buýruga boýun bolmazlygy onuň öz wezipesini hem howp astynda goýdy we radiostansiýa bilen döwletiň arasynda dartgynlylyk döretdi. Orsýetde hökümete garşy garaýyşlar üçin mümkinçilik berýän ”Eho Moskwy” atly meşhur radiostansiýa onuň Ukrainadaky ýagdaýlar baradaky programmalary bilen bagly mundan bir hepde ozal duýduryş berildi.

"Ehonyň" düzgünnamasy we žurnalistiň "etmişi"

“Eho Moskwy” döwletiň gözegçiligindäki gaz ägirdi “Gazprom” kompaniýasynyň media bölümi “Gazprom-Medianyň” eýeçiliginde. 6-njy noýabrda “Gazprom-Media” alypbaryjy Aleksandr Plýuşewiň “professional etikanyň prinsiplerini bozandygy üçin” wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Emma Wenediktow şol günüň özünde eden çykyşynda, görkezmäniň “manysyzdygyny” belläp, Plýuşewiň öz wezipesinde galmalydygyny aýtdy. Wenediktow ”Gazprom-Medianyň” baştutanlaryna radiostansiýanyň düzgünnamasynyň žurnalistleriň diňe baş redaktoryň haýyşy bilen işden boşadylmagyny göz öňünde tutýandygyny ýatlatdy.

Orsýetiň RBK agentliginiň habar bermegine görä, “Gazprom-Medianyň” ýolbaşçysy Mihail Lesin eger Wenediktow Plýuşewiň işden çykarylmagyny kabul etmese, özüniň-de boşadylmagynyň “örän ähtimaldygyny” aýdypdyr.

Kremliň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Iwanowyň ogly Aleksandr 3-nji noýabrda aradan çykdy. Ol 2005-nji ýylda öz awtoulagynda bir garry aýaly kakdyryp, onuň ölümine sebäpkär bolupdy, emma munuň üçin hiç bir jogapkärçilik çekilmändi. Media maglumatlaryna görä, ol Birleşen Arap Emirliklerinde suwa gark bolupdyr.

Plýuşew 5-nji noýabrda Twitterde “Garry zenany öldüren Iwanowyň ölmegi, siziň pikiriňizçe, Hudaýyň bardygyny subut edýärmi?” diýip ýazdy.

Ol yz ýany bu maglumaty aýyrdy we ötünç sorady.

Iwanowlar maşgalasy

Aleksandr Iwanowyň garry zenanyň ölümine sebäp bolup, jogapkärçilige çekilmändigi köp orsýetliler üçin ýokary derejeli resmileriň we olaryň garyndaşlarynyň adalat sistemasyndaky deňsizlikden öz bähbitleri üçin peýdalanýandygynyň anyk subutnamasy bolupdy.

37 ýaşly Aleksandr Iwanow döwletiň eýeçiligindäki ”Wneşekonombank” maliýe edarasynyň başlygynyň orunbasarydy.

Onuň kakasy Sergeý Iwanow Sowet KGB-siniň öňki ofiseri, Orsýetiň öňki goranmak ministri we prezident Putiniň iň ýakyn ýaranlarynyň biri hasaplanylýar.

Ol Kremliň administrasiýasyna 2011-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG