Sepleriň elýeterliligi

Her çemenden bir gunça


 Rus şahyry Mihail Lermontowyň portreti

Rus şahyry Mihail Lermontowyň portreti

Şahyr Şiralynyň dürli şahyrlardan eden erkin terjimeleri

Eýsem, diňe ölüm bilen baglymy
Bu dünýäň iň uly betbagtlygy?
Munuň bary-ýogy bir sebäbi bar:
Ak ýürekden söýýänleriň gytlygy.

Somerset Moem

Söhbet gyzyp, söýgä gezek gelende
Artykmaç pelsepäň geregi bolmaz.
Bir pursat ýitirseň seresaplygy
Tasap giden söýgi yzyna gelmez.

Lew Tolstoý

Aşyk bolan kişä giň jahan dardyr,
Ýortup ýörüs -- etek alty, ýeň ýedi.
Sylagda-hormatda araçäk bardyr,
Diňe söýgi bilýän däldir serhedi.

Mihail Lermontow

Zäk ýuwdan mysaly gamaşdyýr ýüzün
Bir açgöz bişmedik miwäni ýolsa.
...Aýratyn bir gözellik bar söýgide:
Ol kellede bolman, gursakda bolsa.

Wissarion Belinskiý

Söýgiň ýüregiňe salan ýarasy
Ne bir bitýä, ne-de seni öldürýä.
Gyşyk basyp, yşk gözlegne çykanyň
Tapmajagy turuwbaşdan bildirýä.

Jorj Baýron

Tüm gije ýoluňy kesen garakçy
Talap edýä gapjygňy ýa ömrüňi.
Iki baýlyga-da hyrydar aýal
Ir-u-giç çykarýa ýowuz emrini.

Semýuel Batler

"Ýene-de bolmad-ow, paşmad-ow" diýip,
Ýaka ýyrtyp, iki ýana yranma.
…Eger gorkýan bolsaň päsgelçilikden,
Ol hakyky söýgi däldir, ynanma.

Jon Golsuorsi

"Söýgi keselinden ölen köp" diýen
Boş geplere gulagymy germedim.
Kimdir birniň yşka düşüp ölenin
Bir gezegem gözüm bilen görmedim.

Margarita Nawarrskaýa

Göz guwanjy bolan goşa gowräni
Bir-birinden aýran biwyjdan güler.
…Diňe aýal mertebesin saklagan
Oň göwnüne degmän hoşlaşyp biler.

Somerset Moem

Bir zady seň özüň söýmeýän bolsaň,
Ýa-da başarmasaň ony söýmegi,
Sen başga birine nädip öwretjek
Ýanar ody gursagyňa guýmagy?

Aleksandr Twardowskiý

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG