Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Meksika: studentleri öldürenler tapyldy


Güman edilýän garakçy toparlarynyň agzalary Meksikada ýiten 43 studenti öldürendiklerini boýun aldylar.

Emma Meksikanyň baş prokurory Jisus Murillo Karam öldürilen we jesetleri ýakylan studentleriň galyndylaryndan olaryň şahsyýetlerini kesgitlemegiň kyn boljagyny aýdýar.

Şu sebäpden ol studentler, DNA barlaglary şahsyýetlerini tassyklaýança, ýiten diýlip hasap ediler.

Häkimiýetler ol studentleri garakçylar bilen ilteşikli polisiýa 26-njy sentýabrda awtobuslaryna hüjüm edeli bäri gözleýärdiler.

XS
SM
MD
LG