Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgrad-Zagreb gatnawy dikeldilýär


Serbiýa bilen Horwatiýanyň paýtagtlary 23 ýyl arakesmeden soň uçar gatnawyny dikeldýär.

Serbiýanyň milli howa ýollary kompaniýasy «Air Serbia» 12-nji dekabrdan başlap Belgrad bilen Zagrebiň aralygynda gündelik uçar gatnawynyň boljagyny aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, täze gatnaw ýoly iki paýtagtyň arasynda barha ýokarlanýan biznes we syýahat ýolagçylygy talabyny ödär.

Bu iki paýtagtyň arasyndaky uçar gatnawy 1991-nji ýylda, Horwatiýa Ýugoslawiýadan garaşsyzlygyny jar edende dörän konflikt zerarly kesilipdi.

XS
SM
MD
LG