Sepleriň elýeterliligi

Rus tussagy günäm ýok diýýär


Orsýetli «talyban» diýilýän söweşiji Birleşen Ştatlarda bildirilen terror aýyplamalaryny boýun almady we 2015-nji ýylyň aprelinde geçirilmeli suda çenli saklanmaly edildi.

Irek Ilgiz Hamudillin 7-nji noýabrda Wirjinia ştatyndaky sud diňlenişiginde özüni bildirilýän aýyplamalar boýunça günäli hasaplamaýandygyny aýtdy.

Oňa 12 jenaýat maddasy boýunça aýyp bildirilýär we ömürlik tussag edilmek ähtimallygy garaşýar.

Hamudillin 2009-njy ýylyň noýabrynda Owganystanda ABŞ güýçleri tarapyndan, Host welaýatynda amerikan goşunlaryna we owgan serhet polisiýasyna hüjüm edýän üç topara ýolbaşçylyk edýänligi baradaky tassyklamalardan soň tutuldy.

FDB Hamudilliniň rus harby ofiseri bolandygyny we soň «Talybana» goşulandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG