Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň «arzyly» söweşijileri


Siriýadaky özbek jyhadçysy

Siriýadaky özbek jyhadçysy

Soňky döwürlerde Pakistanyň tire-taýpa sebitlerindäki, Owganystanyň demirgazygyndaky, şol sanda Yrakdaky we Siriýadaky jeňçi toparlaryň arasynda merkezi aziýaly söweşijileriň sanynyň barha artýandygy barada aladaly pikirler köp eşidilýär.

Bu wakalara ýakyndan syn edýän synçylaryň pikirlerine görä, merkezi aziýaly söweşijileriň jeňçi toparlarda barha kän gyzyklanma döretmeginiň, olary öz hatarlaryna çekmek islemeginiň birnäçe düýpli sebäbi bar.

Bir tarapdan, Merkezi Aziýadaky işsizlik, garyplyk ýaş hem gujurly adamlary gazanç üçin dürli ýollara itekleýän bolsa, ikinji tarapdan, Merkezi Aziýada önüp-ösen we sowet bilim sistemasynda bilim alan adamlar söweş tälimlerini öwrenmäge has ukyply bolmagy jeňçi toparlaryň gözleýän bir zady bolup biler.

Azatlyk radiosynyň direktory Muhhamad Tahiriň nobatdaky ýörite gepleşiginde şu meseleleriň daşynda pikir alşylýar. Diňläň we pikirleriňizi paýlaşyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG