Sepleriň elýeterliligi

Ýaş ýazyjylara on maslahat


Fillis Doroti Jeýms

Fillis Doroti Jeýms

"Men kitap çap edilmezden owal ony hiç kime okamaga bermeýärin. Sebäbi her kimiň özüçe halaýan zatlary bar. Her adam özüçe bir kitap halaýar we öz halaýan kitabynyň beýleki kitaplardan has gowudygyny pikir edýär".

Angliýanyň meşhur detektiw ýazyjysy, 94 ýaşyndaky Fillis Doroti Jeýmsden (Phyllis Dorothy James) ýaş ýazyjylara maslahatlar. Ynha, şol maslahatlary dykgatyňyza hödürleýäris:

1. Ýazyjy bolnanok, adam ýazyjy bolup dogulýar

Elbetde, bu adamyň özüne bagly bir ýagdaý däl. Emma, ýazyjy bolmak isleýän adamlar şuňa gowy düşünmeli, ýagny hemme zady öwrenmeklik mümkin däldir, dogabitdilik hökmanydyr. Edil kompozitorlar ýaly. Ýagny adama roman ýazmaklygyň kadalary hakynda sapak berip bolar. Ýöne oňa hünär dogabitdi berilmedik bolsa, ondan ussat ýazyjy döräp bilmez.

2. Bilýän zatlaryň barada ýaz

Her kim öz başyndan geçirenleri, gören-eşidenleri hakda ýazmalydyr. Ylham hem lezzet başdan geçirmeleriň, gören-eşidenleriň her bir pursadynyň çuňluklarynda jemlener we wagty gelende, zerurluk ýüze çykanda sen şol pursatlardan jikme-jik peýdalanyp bilersiň. Ýazyjy özi barada ýazanda onuň kitaby hakyky kitap bolýar we hemişe ony çap etmäge neşirýat tapylýar.

3. Öz işleýiş kadaňy tap

Her hili adam bardyr. Käbiri diňe kagyza ýazyp bilýändir, käbiri bolsa kompýutere. Meselem, men irden entäk telefon jaňlary, elektronik hatlar gelmäge başlamanka, asudalykda ýazmagy halaýaryn. Islenen ýerde ýazmaklygy başarýaryn. Diňe ynjalykly oturmaga oturgyç bolsa ýeterlik.

4. Öz ugryň boýunça öňegidişlikleri yzarla

Kitap çap etmeklik ugry boýunça hemişe täzelikler bolup durýar. Bir wagtlar men neşirýata pul berip, öz kitabyňy çap etdirmeklige ejizlik, ýeňleniňi boýnuňa almaklyk höküminde baha berýärdim. Häzirki döwürde bolsa neşirýatlar indi kitabyny özi çap edýän ýazyjylara hem aýratyn üns berýärler we şeýlelikde neşirýatlardan has bähbitli iş hyzmatdaşlygy tekliplerini alanlar bolýar.

5. Oka, ýaz, wagtyňy gündelik arzuw-hyýallara sarp etme

Meşhur ýazyjylaryň eserlerini nähili ýazandygyna göz ýetirmeklik üçin nukdaý-nazaryň köptaraply bolsun. Emma olara öýkünme. Oka we ýaz! Geljek ugurlaryň hakda çuňňur oýlanjagyňa diňe ýaz. Diňe yzygiderli ýazmaklyk bilen kämilleşip bilersiň.

6. Ýekelige çekil

Elbetde, ýazyjylaryň hem hemmeleriňki ýaly dostlary bolmalydyr. Ýöne ýazmaklyk özboluşly bir ýaşaýyş görnüşi hökmünde has köp ýeke galmaklygy talap edýär.

7. Roman ideýasy tötänlikde döreýär we meniň üçin aýratyn mekan bolýar

Meselem, “Devices and Desires” romanymyň ideýasy adam-garasyz deňiz kenarynda gezip ýörkäm döredi. Ýalňyzlyk duýgusyny bir tarapdan sowuk we gazaply demirgazyk deňzi, beýleki tarapdanam ak reňkli äpet atom elektrik desgasy hasam batlandyrypdy. Edil şol mahal şeýle duýgudan bir roman dörejekdigine düşündim.

8. Kompýutersiz hiç ýere gitme

Çünki şeýle adamlara duş gelýärsiň welin, olaryň hut özleri ýüz keşbi we hereketleri bilen seniň romanyň üçin gahrymanlary emele getirýärler.

9. Gutarmadyk kitabyň barada hiç kim bilen gürleşme

Men kitap çap edilmezden owal ony hiç kime okamaga bermeýärin. Sebäbi her kimiň özüçe halaýan zatlary bar. Her adam özüçe bir kitap halaýar we öz halaýan kitabynyň beýleki kitaplardan has gowudygyny pikir edýär. Diňe edebi geňeşçim we neşirýatym okap bilýändir.

10. Ýazmagy haçan goýjakdygyňy bilmeli

Garradygyňça ýazmaklyk hem kynlaşýar, has uzaga çekýär. Özüňi tapdan düşýänçäň ýazmaga mejbur etme. Meniň özüm aslynda edil häzir ýene bir roman ýazmalydygymy duýýaryn.

XS
SM
MD
LG