Sepleriň elýeterliligi

Mogherininiň sözçüsi Gazprom lobbistine bardy


Sözçi Katerin Reý Tomas Barros-Tastets bilen 2013-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda nikalaşdy.

Sözçi Katerin Reý Tomas Barros-Tastets bilen 2013-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda nikalaşdy.

Ýewropa Bileleşigi ÝB-niň daşary syýasat başlygy Fredrika Mogherininiň sözçüsiniň Gazpromyň tanymal lobbisti bilen nikaly bolmagynda bähbit çaknyşygyny görmeýändigini aýdýar.

ÝB-niň täze bellenen daşary syýasat başlygy Frederika Mogherininiň baş sözçüsi Brýusselde Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki tebigy gaz monopolisti Gazproma lobbistlik edýän jemgyýetçilik gatnaşyklary firmasynyň işgärine durmuşa çykdy.

Sözçi Katerin Reý (Catherine Ray) Tomas Barros-Tastets (Thomas Barros-Tastets) bilen Fransiýada, 2013-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda nikalaşdy. Barros-Tastets G+ wagyzçylyk firmasynyň Brýussel bölüminde partner bolup işleýär.

Internetdäki terjimehaly onuň esasy halkara energiýa kompaniýalarynyň aragatnaşyk we jemgyýetçilik gatnaşyklary meselelerinde bütindünýä konsorsiumynyň ýewropa böleginiň işini utgaşdyrmaga kömek edýändigini aýdýar.

«Esasy halkara energiýa kompaniýasynyň» ady aýdylmasa-da, Barros-Tastets metbugatda Gazpromyň Ýewropadaky jemgyýetçilik gatnaşyklary konsultanty hökmünde ýygy-ýygydan agzalyp durýar.

2013-nji ýylyň awgustynda yglan edilmegine görä, ol G+ da partnýor bolup, «Gazpromyň ÝB häkimiýetleri bilen gatnaşyklaryndaky geňeşçisi" diýlip görkezilýär.

ÝB-niň Aýdyňlyk hasabatynyň sanawynda Gazpromyň G+-yň esasy müşderileriniň biridigi we ondan ýylda 300 müňden 350 müň ýewro çenli girdeji alýandygy aýdylýar. Barros-Tastets bu ýerde firmanyň işgäri we Ýewropa Parlamentiniň edaralaryna akreditasiýa berlen adam hökmünde görkezilýär.

Rus ministri bilen görüldi

Barros-Tastets 29-njy oktýabrda, ÝB we ukrain resmileri Brýusselde gaz gepleşiklerini geçirende, Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowagyň ýanynda görlüpdir.

Ýewropa Komissiýasynyň baş sözçüsi we Reýiň bu wezipä alynmagynyň barlagyna gatnaşan Margaritis Şinas (Margaritis Schinas) AE/AR-e beren ýazmaça düşündirişinde Reýiň ÝB-ni öz adamsynyň professional işleri, şol sanda Gazprom üçin edýän işi bilen habardar edendigini aýtdy.

"Reý Ýewropa Komissiýasy tarapyndan talap edilýän etika prosedurasynyň talaplaryna eýerdi» diýip, ol ýazdy. Şeýle-de ol Mogherini Reýi saýlamak prosesine gatnaşdy, emma ony «hödürlemedi» diýdi.

Şinas Reýiň wezipesiniň Afrika, Latyn Amerikasy we Aýlak ýurtlary barada düşündiriş bermek bilen baglydygyny aýtdy. Ol Ýewropa meseleleri, şol sanda Orsýet barada daşary gatnaşyklar sözçüsi Maja Kocijancic düşündiriş berýär diýdi.

"Şu sebäpden biz Reýiň Komissiýadaky borçlarynda bähbitleriň gapma-garşy bolmak ätimallygyny görmeýäris" diýip, Şinas ýazdy.

Reý bu makala üçin düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Rus prezidenti Wladimir Putin Italiýanyň daşary işler ministri Frederika Mogherini bilen duşuşýar, Moskwa, Kreml, 9-njy iýul, 2014.

Rus prezidenti Wladimir Putin Italiýanyň daşary işler ministri Frederika Mogherini bilen duşuşýar, Moskwa, Kreml, 9-njy iýul, 2014.

"Putin babatdaky köre-körlük"

Italiýanyň ozalky daşary işler ministri Frederika Mogherini Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonyň ýerine ýetiren wezipesi üçin gapma-garşylykly seçgi boldy. Tankytçylar oňa syýasy taýdan tejribesiz, belki-de Orsýetiň Wladimir Putini üçin amatlylyk döretmäge aşa höwesjeň adam hökmünde garadylar.

"Men onuň hususan-da Putin babatda köre-kör görünmeginden alada galdym" diýip, "The Economist" neşiriniň energiýa, harytlar we tebigy resurslar boýunça uly redaktory Edward Lukas aýdýar. Ol şu tomus sosial ulgamlarda Mogherininiň kandidaturasyna garşy çekişmelere goşulypdy. "Ol Putini gowy görýän ýaly, onuň bilen oňuşýan ýaly, şol bir wagtda-da dünýäni hakykatda Orsýete goňşulykdaky ÝB ýurtlarynyň perspektiwasyndan görmeýän ýaly göründi."

Lukas we beýleki ÝB synçylary daşary syýasat başlygynyň wezipesiniň merkezi Ýewropada Radek Sikorskiý ýaly birine berilmelidigini öňe sürdiler. Radek Sikorskiý häzir Polşanyň parlamentiniň spikeri, ozal ýurduň daşary işler ministri boldy.

41 ýaşyndaky Mogherini Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi tarapyndan fewral aýynda daşary işler ministri wezipesine bellenen, kän bir tejribe toplamadyk syýasatçydy. Renzi şondan birnäçe aý soňra onuň Ýewropa Bileleşiginde Aştonyň ornuna bellenmegi üçin erjel we üstünlikli lobbistlik etdi.

Renzi oktýabrda Brýusselde geçirilen ÝB sammitinde, ÝB ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň arasynda, Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Orsýete garşy goşmaça sanksiýa girizilmegini oňlamadyk ýeke-täk hökümet başlygy boldy. Şeýle-de Renzi Gazpromyň goldaýan «Günorta akym» gaz geçiriji proektiniň peýdasyna lobbistlik etdi, bu proekt rus gazynyň Italiýa we Gresiýanyň, Bolgariýanyň, Serbiýanyň, Rumyniýanyň üstünden beýleki ÝB ýurtlaryna gelmegini üpjün etmelidi.

Gaz we geçiriji meselesi

Ýewropa Komissiýasy 2013-nji ýylyň dekabrynda Orsýet bilen bu geçirijini gurmak barada gelnen hökümetara ylalaşyklarynyň ählisiniň ÝB-niň üçünji taraplar üçin bäsdeşlik we diskriminasiýasyz elýeterlilik düzgünlerini bozýandygy barada karar çykardy.

ÝB öz öňünde özüniň Gazproma garaşlylygyny azaltmak maksadyny keserdip goýdy. ÝB öz ulanýan gazynyň üçden bir bölegi çemesini Orsýetden alýar.

Katrin Reý ÝB-niň jemgyýetçilik bilen gatnaşyk wezipesinde 2000-nji ýyldan bäri işleýär, şeýle-de ol 2007-08-nji ýyllarda gysga wagt BMG-niň Ösüş programmasynda işledi. Ol ÝB-niň komissarlary Paskal Laminiň, Janez Potoknigiň we Andris Piýebalgsyň sözçüsi wezipelerini ýerine ýetirdi.

(AE/AR-syndan Katarina Solikowanyň hyzmatdaşlygynda ýazyldy, Ýowşan Annagurban iňlisçeden türkmençä geçirdi.)

XS
SM
MD
LG