Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçew 'täze Sowuk urşy' duýdurýar


Gorbaçew Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýygnanyşykda çykyp gürledi.
Gorbaçew Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýygnanyşykda çykyp gürledi.

Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Orsýet bilen Günbataryň arasynda ukrain krizisi zerarly dörän dartgynlyklar dünýäni «täze Sowuk urşuň erňegine getirdi» diýdi.

83 ýaşyndaky Gorbaçew 8-nji noýabrda Germaniýanyň paýtagtynda, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýygnanyşykda çykyp gürledi.

Gorbaçew Günbatary, hususan-da Birleşen Ştatlary kommunist bileleşiginiň dargamagyndan soň «üstünlikden başy aýlanmakda» aýyplady.

Dünýä döwletleri hut şu sebäpden Ýugoslawiýadaky, Ýakyn Gündogardaky, indi bolsa Ukrainadaky konfliktleriň hötdesinden gelmäge ukypsyz bolup çykdylar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda barýan söweşlerde aprel aýyndan bäri 4 müňden gowrak adam öldürildi.

«Global dünýäniň liderine öwrülmäge derek, Ýewropa syýasy agdarylyşyk, täsir meýdany ugrundaky bäsleşik we ahyr netijede harby konflikt arenasyna aýlandy. Bularyň netijesi gutulgysyz Ýewropanyň gowşamagyna getirýär.»

"Ýewropada we Ýakyn Gündogarda öňdebaryjy döwletleriň arasyndaky dialogyň bozulmagy netijesinde dörän gandöküşlik ullakan alada» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dialog arkaly ynam

Sowet Soýuzynyň iň soňky lideri Kreml bilen arada dialog arkaly ynam döredilmegine çagyrdy

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlary we Ýewropany rus resmilerine garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmaga çagyrdy. Ol sanksiýalar mart aýynda Krymyň anneksiýa edilmegi we Moskwanyň ukrain konfliktine gatnaşygy baradaky tassyklamalar sebäpli girizilipdi.

Germaniýadaky üç günlük baýramçylyk Gündogar Germaniýanyň serhet goragçylarynyň 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Günbatar Germaniýa bilen aralykdaky derwezeleri açyp, uly möçberdäki mähelläniň erkin geçmegine rugsat bermegine getiren parahatçylykly rewolýusiýany ýatlamaga bagyşlandy.

Gündogar Germaniýanyň häkimiýetleri bu diwary 1961-nji ýylyň awgustynda, adamlaryň köpçülikleýin Günbatara geçmesiniň öňüni almak üçin gurupdylar.

Germaniýa şondan soňky ýyl, 1990-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda gaýtadan birleşdi.

Baýramçylyk dabaralary German bütewiliginiň simwoly bolan Brandenburg derwezesini hem öz içine alýar, Germaniýanyň Sowuk uruş döwründen bäri gelýän bölünişigi laýyk 25 ýyl ozal, 9-njy noýabrda, edil şu ýerde aradan aýrylypdy.

Uly aýdym-saz bilen dabaralandyryljak baýramçylyga gatnaşýanlaryň arasynda Gorbaýeçew we Polşanyň ozalky prezidenti, azatlyk ugrunda göreşiji Lek Walesa dagy hem bar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG