Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa baýram edýär


Germaniýa 9-njy noýabrda Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygyny belleýär.

German paýtagtynda bu baýrama bir million çemesi adamyň gatnaşjakdygy, uly konsert dabarasynyň boljakdy, feýerwerkleriň atyljagy aýdylýar.

German kansleri Angela Merkel Germaniýanyň hemişe kommunist diktaturasyna garşy protest bildirmek üçin köçelere çykmaga gaýrat tapan gündogar germaniýalylara minnetdar boljagyny aýtdy.

Baýrama gatnaşyjylaryň biri Adelman şu geçen 25 ýylda hemme zadyň gowy bolandygyna özüniň diýseň bagtlydygyny aýtdy şeýle problemasy bar ýurtlaryň ählisine ösüş arzuw etdi.

XS
SM
MD
LG