Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG ýarag konwoýyndan alada bildirýär


ÝHHG öz gözegçileri gündogar Ukrainada, orsýetçi separatistleriň kontrollugyndaky ýerlerde harby enjamlary alyp barýan kolonnany görenlerinden soň, örän alada galandygyny aýtdy.

ÝHHG-nyň 8-nji noýabrda çap edilen beýanatynda gözegçileriň gozgalaňçylaryň kontrollugyndaky Donetsk we golaýdaky Makiýewka şäherleriniň ýanynda agyr ýaraglary we tanklary alyp barýan konwoýy görendikleri aýdylýar.

Bu habar ukrain harbylarynyň Orsýeti orsýetçi separatistler bilen hökümet güýçleriniň söweşýän ýerine 32 tankdan ybarat kolonnany we ýük maşynlaryna mündürilen esgerleri ibermekde aýyplanyndan bir gün soň çykdy.

Orsýet separatistleri ýarag we goşun bilen goldaýandygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG