Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Partlamalarda 11 adam öldürildi


Owganystanyň resmileri ýurduň gündogaryndaky iki welaýatda amala aşyrylan bomba hüjümlerinde azyndan 10 polisiýa ofiseriniň we parahat ilatdan bir adamyň öldürilendigini habar berýärler.

10-njy noýabrda amala aşyrylan hüjümleriň birinde janyndan geçen hüjümçi Logar welaýatynyň Baş polisiýa edarasynyň öňünde bombany partlatdy. Bu wakanyň netijesinde ýedi polisiýa işgäri we parahat ilatdan bir adam heläk boldy.

Welaýat häkiminiň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatynda Pul-e-Alam şäherindäki partlamada ölenleriň arasynda ýerli polisiýa komandiriniň bardygy bellenilýär.

Şeýle-de, owgan resmileri Nangarhar welaýatynda “rikşa” kysymly ulaga bombanyň ýerleşdirilmegi netijesinde üç polisiýa işgäriniň öldürilendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG